Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilimi we ylmy ösdürmäge, döwrebap bilim ulgamyny kemala getirmäge gönükdirilen özgertmeleriň netijesinde giň möçberli oňyn netijeler gazanylýar. Ýaşlaryň halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap bilim almagynda, saýlap alan hünärleri boýunça bilimlerini artdyrmagynda, ylmy we döredijilik işlerine höweslenmeginde giň mümkinçilikler döredilýär.
Adamzat jemgyýeti ylmyň ösüşiniň hasabyna iňňän belent derejelere ýetip bilýär. Ylym-bilim durmuşy kämilleşdirýär, ýaşaýşa zynat berýär. Adamzadyň dünýä akyl ýetirmeginde ylmyň hyzmaty örän uludyr. Şonuň üçin hem ylymlar dünýäsi ynsan üçin mukaddeslikleriň we gymmatly çeşmeleriň dünýäsidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilip, ösüşleriň berk binýady bolýar.
Ylym-bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň netijesinde biziň uniwersitetimiziň çäginde hem uly işler alnyp barylýar. Golaýda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň çäginde Türkmenistandaky “Lu Ban ussahanasynyň” açylyş dabarasy boldy. Dabara Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşmagy iki ýurduň arasyndaky ynsanperwer hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylýandygynyň nobatdaky güwäsine öwrüldi.
Açylyş dabarasyna gatnaşyjylaryň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim we ylym ulgamynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda bar bolan binýady pugtalandyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň, onuň täze sepgitlere ýetmeginiň möhüm şertidir. Şunuň bilen baglylykda, iň gowy dünýä tejribesiniň öwrenilmegine, ylym-bilim ulgamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Şunda ýurdumyzyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän bilim we ylym diplomatiýasy wajyp orny eýeleýär.
Türkmenistanda bilim, ýokary tehnologiýalar pudagynda Hytaý bilen hyzmatdaşlygy ilerletmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda açylan “Lu Ban ussahanasynyň” ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga goşant goşup, iki ýurduň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak, özara tejribe alyşmak babatda möhüm meýdança bolup hyzmat etjekdigi bellenildi.
Merkez döwrebap enjamlar bilen üpjün edilip, bu ýerde talyplara we ýaş alymlara geologiýa, buraw işleri, maglumat ulgamlary boýunça hytaýly hünärmenleriň tejribesini öwrenmäge giň mümkinçilik döredilipdir. Umuman, “Lu Ban ussahanasynyň” açylmagy türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmekde wajyp tapgyr bolmak bilen, munuň özi Hytaýyň iň täze tehnologiýalaryny hem-de tejribelerini Türkmenistanyň bilim ulgamyna ornaşdyrmak arkaly nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda möhüm binýada öwrüler.
Bilim almak, hünär öwrenmek her bir ynsan üçin uly bagtdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ata Watanymyzyň bagtly ýaşlary üçin okamaga, bilimli, hünärli bolmaga ýurdumyzda ähli şertler döredilýär, ylym-bilim almaga giň ýollar açylýar. Bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrundaky başlangyçlar bolsa, halkymyzyň şu gününe we geljegine bolan ynamyny berkidýär.
Babahan Agabaýew,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 3 NGPYD “A” toparynyň talyby.
