SIZDEN GELENLER

Nebitgaz pugagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgesine laýyklykda üstünlikli amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasat halkymyzyň ýaşaýyş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny toplumlaýyn esasda ösdürmek boýunça öňe süren başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, ähli ugurlarda bolşy ýaly, nebitgaz pudagynda hem belent sepgitlere ýetilýär.

Nebitgaz pugagynda halkara hyzmatdaşlygynyň giňden ösdürilýän döwründe türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyna hem aýratyn orun degişlidir. Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň köpýyllyk taryhy bardyr. Gadymy döwürlerden bäri iki halkyň arasynda ýakyn dostlukly gatnaşyklar ýola goýlupdyr.  Hytaý Halk Respublikasy Türkmenistanyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolmak bilen, dürli ugurlarda, aýratyn-da, nebitgaz, ulag we logistika, aragatnaşyk, telekommunikasiýa, sanly tehnologiýalar, söwda dolanyşygy, ylym-bilim, syýahatçylyk ýaly ileri tutulýan ulgamlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli giňeldilýär.

Energetika pudagyndaky türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy barada aýdylanda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň gatnaşmagynda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde ýerleşýän ägirt uly «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyrynyň özleşdirilmegine badalga berilmegi taryhy ähmiýetli wakalaryň biri boldy.

Hytaý Halk Respublikasy Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden başlap Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýan döwletleriň biridir. Türkmenistan Hytaý bilen döwletara gatnaşyklary ösdürmäge we pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýär. Bu hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda örän üstünlikli we netijeli ösdürilýär hem-de türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkitmegiň möhüm şerti bolup durýar. 2009-njy ýylda Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisiniň ulanmaga berilmegi bolsa özara bähbitli hyzmatdaşlygymyzy has-da berkiden taryhy wakalaryň biri boldy. Indi 17 ýyla golaý wagt bäri bu gaz geçiriji arkaly eksport edilýän türkmen mawy ýangyjy dostlukly ýurduň ykdysadyýetini ösdürmäge uly goşant goşýar.
Milli ykdysadyýetimiziň gaz senagaty pudagy öňdebaryjy pudaklaryň biri bolmak bilen, bu pudagy ösdürmäge gönükdirilen tagallalaryň bady artýar. Aýratynam, energetika ulgamynda Hytaý Halk Respublikasy bilen hyzmatdaşlyk hil taýdan täze derejelere çykyp, iki dostlukly döwletiň gatnaşyklary durnukly ösüşiň ýoly bilen giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Mälim bolşy ýaly, indi köp ýyllardan bäri hytaýly hyzmatdaşlar bilen gaz guýularyny burawlamakda we tebigy gazy çykarmak we senagat taýdan gaýtadan işlemekde baý tejribe toplanyp, uly işler bitirildi we bitirilýär. Dostlukly döwletleriň arasyndaky özara bähbitli ykdysady gatnaşyklaryň netijesinde Ýolöten etrabynyň çägindäki “Galkynyş” gaz känini özleşdirmekde durmuşa geçirilýän giň möçberli işleriň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar.  Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň gatnaşmaklarynda Ýolöten etrabynda “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň IV tapgyrynda ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany gurmak we şol möçberde harytlyk gazy çykarmak üçin ýeterlik boljak ulanyş guýularyny burawlamak işlerine badalga berilmegi buýsanç duýgusyny döretdi.

Ýurdumyzda tebigy gaza baý täze ýataklary özleşdirmek, uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşyny artdyrmak, guýulary düýpli abatlamak boýunça hem möhüm işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, “Galkynyş” gaz känindäki gaz guýularynyň görkezijileri, bir tarapdan, öňdebaryjy halkara önüm öndürijileriň ünsüni özüne çekse, beýleki bir tarapdan, tebigy gazy sarp ediji döwletleriň hem-de iri maýadarlaryň çuňňur gyzyklanmasyna eýe bolýar.

Eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokary götermekde beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Bezirgen Garlyýew,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 3 NGPYD “B” toparynyň talyby.

 

Ýene-de okaň

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär

Türkmenistan “ýaşyl” energiýa aýratyn ähmiýet berýär

Ahalteke bedewi – dost-doganlygyň nyşany

Biologiýa dersiniň ähmiýeti

Dil bilen dünýäni gezer

Nebitgaz pudagy: ykdysady syýasatyň esasy ugry