SIZDEN GELENLER

Konstitusiýa we Döwlet baýdagy – mukaddes nyşanlarymyz

2026-njy ýylyň 18-nji maýynda Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan Wa­ta­ny­myz­da Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň we Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let baý­da­gy­nyň gü­ni ýo­ka­ry ru­hu­be­lent­li­ge, giň ge­rim­li da­ba­ra­la­ra bes­le­ner. Bu şan­ly se­ne ýur­du­my­zyň döw­let­li­li­gi­niň mi­ze­mez bin­ýa­dy­ny, hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­ni hem-de Wa­ta­ny­my­za bo­lan be­ýik söý­gü­si­ni ala­mat­lan­dyr­ýan mö­hüm baý­ram­la­ryň bi­ri hök­mün­de aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy mizemez agzybirligimizi, bitewüligimizi, beýik ynsanperwerlik gymmatlyklaryna, parahatçylyk hem-de döredijilik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygymyzy alamatlandyrýar.

Her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň giňden bellenilmegi, agzybir halkymyzyň Baş Kanunymyza hem-de baýdagymyza bolan söýgüsiniň, buýsanjynyň beýikliginden nyşan. Çünki bu goşa mukaddeslikde — Konstitusiýada hem-de Döwlet baýdagynda halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen ynsanperwerlik, watansöýüjilik, agzybirlik, abadanlyk ýörelgeleri jemlenýär.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň Konstitusiýasy ynsan mertebesini belende götermekde, raýatlaryň azat we erkana durmuşyny üpjün etmekde, watandaşlarymyzyň halal, öndürijilikli zähmet çekmek baradaky mizemez hukuklaryny kepillendirmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Kanunçylyk namalarymyz halkymyzyň öz taryhy tejribesi — ata-babalarymyzdan miras galan gymmatly däp-dessurlarymyz, ýol-ýörelgelerimiz bilen sazlaşdyrylýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy berkarar döwletimiziň hukuk binýady bolmak bilen, halkymyzyň döwletlilik, demokratiýa we adalatlylyk baradaky ençeme asyrlyk isleg-arzuwlaryny özünde jemleýär. Baş Kanunymyz demokratik özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ýurdumyzy ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürmek boýunça ýetilýän belent sepgitleriň mizemez şerti bolup hyzmat edýär.

Döwlet baýdagy Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, şöhratly geçmişimiziň, bagtyýar döwrümiziň hem-de beýik geljegimiziň belentligini, abraý-mertebämiziň synmazlygyny alamatlandyrýan gymmatlygymyzdyr.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletimiziň Baş Kanuny bolmak bilen, her bir raýatymyzyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepili bolup hyzmat edýär. Biziň asuda, demokratik ýol bilen erkin ösýän ajaýyp Watanymyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygaryň esasynda durmuşa ornaşdyrylýan özgertmeleriň esasy maksady raýatlaryň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny doly üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Ýurdumyzyň esasy sütünleri bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagymyzyň mukaddesligini, gadyr-gymmatyny hiç bir zat bilen deňäp bolmaýar.

 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler döwletiň durmuş–ykdysady taýdan ösüşine we türkmen jemgyýetiniň demokratik hem-de hukuk esaslaryny berkitmäge gönükdirilendir.

Türkmenistan döwletimiziň Konstitusiýasy ýurduň berkararlygyny hukuk taýdan ykrar edip, ähli ugurlardaky ösüşleriň hukuk binýadyny pugtalandyrýar. Esasy Kanunymyzyň kabul edilen güni türkmen halkynyň demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmakdaky örän wajyp hem-de aýgytly ädimi hökmünde taryha girdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edildi.

Her bir ýurduň Konstitusiýasy şol döwletiň Esasy Kanunydyr. Konstitusiýa döwletiň hereket edýän kanunçylygynyň esasy kanun binýady bolmak bilen, onda tutuş döwletiň hukuk ýagdaýynyň kesgitlemesi, döwletiň ösüşiniň esasy ugurlary anyk beýan edilýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 22-nji maddasynda: “Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşanlary — Döwlet baýdagy, Döwlet tugrasy, Döwlet senasy bardyr” diýlip bellenilýär. Baýdak hem-de Kanun her bir döwletiň garaşsyzlygyny we berkararlygyny alamatlandyrýan mukaddeslikdir. Baýdak döwletliligiň anyk beýanydyr. Türkmen döwletiniň ýaşyl Tugy aýratyn özüne çekijiligi, watansöýüjiligiň many-mazmuny bilen döwletimiziň taryhy mirasyny özünde jemleýär. Türkmenistanyň Döwlet baýdagynda ata-babalarymyzyň müňýyllyklara uzaýan taryhy jemlenendir.

Esasy Kanunymyzyň — Konstitusiýamyzyň döredilen güni hem–de halkymyzyň guwanjy-buýsanjy bolan ýaşyl Tugumyzyň baýramçylygy bilen ähli halkymyzy, Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimizi tüýs ýürekden gutlaýarys. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Maýagözel Ataýewa,

Ahal welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy. 

 

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagynda geljegi uly hyzmatdaşlyk

Nebitgaz pudagynyň batly gadamlary

Sanly tehnologiýalar – täze eýýamyň hereketlendiriji güýji

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär

Nebitgaz pugagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy

Türkmenistan “ýaşyl” energiýa aýratyn ähmiýet berýär