SPORT

“Barselona” Ispaniýanyň çempiony boldy

“Barselona” topary futbol boýunça Ispaniýa çempionatynyň 2025/26-njy möwsüminde, 35-nji tapgyryň duşuşygynda öz meýdançasynda Madridiň “Realyny” 2:0 hasabynda ýeňip, birinji orny eýelemegini kepillendirdi. Duşuşyk “Kamp Nou” stadionynda geçdi.

Ýeňiji toparyň hatarynda gollary Markus Reşford (9-njy minut) we Ferran Torres (18-nji minut) geçirdiler.

Esasy maglumatlar:

  • “Barselona” 91 utuk toplady we çempionatyň tamamlanmagyna üç tapgyr galanda, 2-nji orundaky “Realdan” 14 utuk öňe saýlandy.

  • Bu “Barselonanyň” Ispaniýa çempionatyndaky 29-njy ýeňşidir. “Real” bolsa 36 çempionlyk bilen bu ugurda rekordy elinde saklaýar.

  • “Barselona” öz taryhynda ilkinji gezek “Real” bilen geçirilen duşuşykdan soň çempionlygyny yglan etdi. Mundan ozal, diňe bir gezek — 1932-nji ýylda çempionlyk ykbaly “Klasikoda” çözülipdi, şonda “Real” deňme-deň oýnap (2:2), çempionlygy gazanypdy.


Hans-Diter Fligiň üstünligi

Duşuşyk “Barselonanyň” baş tälimçisi Hans-Diter Fligiň kakasynyň hatyrasyna bir minutlyk dymyşlyk bilen başlandy. Žurnalist Žerar Romeronyň berýän maglumatyna görä, ol 10-njy maýa geçilýän gije aradan çykypdyr.

Flik 2024-nji ýyldan bäri “Barselona” tälimçilik edýär. Onuň ýolbaşçylygynda topar yzygiderli ikinji gezek Ispaniýanyň çempiony boldy. Şeýle hem nemes tälimçisi bilen bu topar Ispaniýa Kubogyny we iki gezek ýurduň Superkubogyny gazandylar.


Indiki duşuşyklar

Ispaniýa çempionatynyň 36-njy tapgyrynda:

  • 13-nji maý: “Barselona” myhmançylykda “Alawes” bilen oýnar.

  • 14-nji maý: “Real” öz meýdançasynda “Owedony” kabul eder.

Related posts

Afrika Milletler Kubogynda 12 ýygyndy indiki tapgyra çykdy

Hokkeý boýunça halkara ýaryşyň açylyş dabarasy boldy

“Barselona” 4 futbolçysy bilen hoşlaşýar

Ata Watan Eserleri