DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Ilçihanasynyň wekilleri Yslamabatdaky Capital Smart City taslamasyna baryp gördüler

Türkmenistanyň Ilçihanasynyň wekilleri Ilçi A.Möwlamowyň ýolbaşçylygynda häzirki wagtda Yslamabatdan takmynan 30 minut ýol uzaklykda gurulýan Pakistanyň iň uly “akylly şäher” taslamasy bolan “Capital Smart City” baryp gördüler.

Saparyň dowamynda wekiliýete 1,7 milliondan gowrak ýaşaýjyny ýerleşdirmek üçin niýetlenen täze akylly şäheriň baş meýilnamasy we ösüş konsepsiýasy barada giňişleýin maglumat berildi.

Tanyşdyryş çäresiniň çäklerinde Ilçihananyň wekilleri esasy gurluşyk taslamalary we infrastruktura başlangyçlary bilen tanyşdylar. Taslama häzirki zaman ýaşaýyş jaýlaryny we söwda merkezlerini, ösen ulag infrastrukturasyny, maliýe merkezini, bilim we saglygy goraýyş edaralaryny, şeýle hem syýahatçylyk we dynç alyş desgalaryny öz içine alýar. Mundan başga-da, taslamada myhmanhanalar, sergi meýdançalary hem-de halkara derejesindäki golf meýdançasy göz öňünde tutulan.

Şeýle-de, akylly ulag dolandyryş ulgamlary, sanly howpsuzlyk çözgütleri, wideo gözegçilik torlary, häzirki zaman energetika we telekommunikasiýa infrastrukturalary ýaly “akylly tehnologiýalaryň” ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berildi.

Saparyň ahyrynda taraplar durmuşa geçirilýän çözgütleriň ýokary derejesini aýratyn belläp, şähergurluşyk we innowasion tehnologiýalar ugurlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmäge gyzyklanma bildirdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary