DÜNÝÄ

GDA ýurtlarynyň Liderleriniň resmi däl duşuşygy 21-22-nji dekabrda geçiriler

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň düzümine görýän döwletleriň Baştutanlarynyň her ýylyň ahyrynda resmi däl duşuşygyny geçirmek asylly däbe öwrüldi. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň ýolbaşçylygynda bu resmi däl duşuşygy Russiýanyň demirgazyk paýtagty Sankt-Peterburg şäherinde geçiriler. Bu duşuşygyň 21-22-nji dekabrda geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Bu barada Russiýanyň Prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow žurnalistlere beren beýanatynda belläp geçdi.

Ol: “21-22-nji dekabrda Sankt-Peterburgda GDA-nyň Liderleriniň Täze ýyl öň ýanyndaky adaty resmi däl duşuşygy bolar. Bu resmi däl duşuşykdan başga-da, Ýewraziýa Ykdysady Geňeşiniň resmi mejlisi bolar” diýip belledi.

Mälim bolşy ýaly, 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna Türkmenistan başlyklyk eder.

Related posts

Hindistan dünýäniň iň gür ilatly ýurduna öwrüler

Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasy boýunça ylalaşyk gazanyldy

Ata Watan Eserleri

TDG-niň sammiti: gazanylan ylalaşyklar we täze baş sekretar