MEDENIÝET

22-27-nji iýun aralygynda Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda nobatdaky Medeniýet hepdeligini Balkan welaýatynda geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu barada Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde wise-premýer B.Seýidowanyň Balkan welaýatynyň medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabatynda bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Balkan welaýatyndaky döwrebap medeniýet merkezleriniň, kitaphanalaryň, muzeýleriň we teatrlaryň işlerini talabalaýyk guramak boýunça işleri dowam etmegiň hem-de welaýatda geçiriljek Medeniýet hepdeligine-de gowy taýýarlyk görmegiň we ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutany wise-premýere welaýatyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärlikleri aýawly saklamak we giňden öwrenmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berdi

Ata Watan Eserleri

Ýewraziýa döwletleriniň muzeý ýolbaşçylarynyň Birinji forumy geçirildi