JEMGYÝET

Putin Türkmenistanyň Prezidentini Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli gutlady

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Gutlag hatynda şeýle diýilýär:

– Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Bu şanly baýram gününde Russiýanyň we Türkmenistanyň raýatlary ata Watanyň azatlygy ugrunda egin-egne berip söweşen hem-de ägirt uly pida çekip, dünýäni faşizmden halas eden ata-babalarymyzyň edermenligini hoşallyk duýgusy bilen ýatlaýarlar. Umumy taryhymyzyň gahrymançylykly sahypalary baradaky hakydanyň geljekde hem rus-türkmen gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk ruhunda üstünlikli ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynanýaryn.

Ýurduňyzda ýaşaýan uruş weteranlaryna we tylda zähmet çekenlere tüýs ýürekden gutlaglarymy, berk jan saglyk, abadançylyk, uzak ömür baradaky arzuwlarymy ýetirmegiňizi Sizden haýyş edýärin.

Ýene-de okaň

Hormatly Prezidentimiz Şuşa şäherine baryp gördi

Türkmenistanyň Prezidenti Fizuli şäherinde gurulýan metjit bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidentine “Mert” atly garabag bedewi sowgat berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Fizuli şäherine baryp gördi

Türkmenistanyň Prezidenti azerbaýjan halkynyň mukaddesliklerini sarpalady

Aşgabat-Baku: ikitaraplaýyn ähtnamalaryň uly toplumyna gol çekildi