SPORT

“Şahtýor” 16-njy gezek Ukrainanyň çempiony boldy

Türk tälimçi Arda Turanyň tälim berýän “Şahtýor” topary Ukraina çempionatynyň 27-nji tapgyrynyň duşuşygynda “Poltawa” toparyny uly hasap bilen ýeňip, wagtyndan öň çempionlyk derejesini gazandy.

“Lwow Arenada” geçirilen duşuşyk, Arda Turanyň tälimçiligindäki toparyň 4:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Oýunda Izake iki gol geçirdi, beýleki gollary bolsa Dmitriý Kryskow we Lassina Traore öz adyna ýazdyrdylar.

Möwsümiň tamamlanmagyna üç tapgyr galanda, “Şahtýor” 66 utuk toplap, 55 utugy bolan we ikinji ýerde barýan “Polessiýa” topary üçin elýetmez boldy. Üçünji orunda bolsa 54 utuk bilen “LNZ” ýerleşýär.

Bu çempionlyk “Şahtýoryň” taryhyndaky 16-njy çempionlygydyr. Bu görkeziji boýunça Donetsk topary diňe 17 çempionlygy bolan Kiýewiň “Dinamo” toparyndan yza galýar.

Arda Turan üçin bolsa bu kubok tälimçilik kariýerasyndaky ilkinji kubogy boldy.

“Şahtýor” Ukrainanyň 16 çempionlygyny, 15 Ukraina Kubogyny we ýurduň 9 Superkubogyny gazandy. Edil şu derejeler kluby  Ukrainanyň taryhynda kuboklaryň sany boýunça birinji orna çykmaga mümkinçilik berdi.

“Şahtýor ukrain klublarynyň arasynda milli kuboklaryň sany boýunça ýeke-täk lider boldy” diýip, sport bilermenleri belleýärler.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatynda 1/16 finalynyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň nobatdaky rekordy

Dünýä çempionatynda 28 ýygyndy pleý-off tapgyryna çykdy

Kabo-Werde hem ýeňmän, hem ýeňilmän 1/16 tapgyryna çykdy

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionatynda 1/16 finalyna çykan 19 ýygyndy belli boldy