SPORT

Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy Aziýa çempionatyna gatnaşar

Türkmen türgenleri Hindistanyň Gandinagar şäherinde geçiriljek agyr atletika boýunça Aziýa çempionatyna gatnaşarlar. Ýaryşda 28 döwletden 172 türgen bäsleşer. Türkmenistana yklym derejesindäki bu ýaryşda alty sany türgen wekilçilik eder.

  • 14-nji maýda: Binýat Raşidow (71 kg çenli) we Bektimur Revimow (79 kg çenli) ilkinji bolup bäsleşerler.

  • 15-nji maýda: 88 kg çenli agram derejesinde Ramazan Töräýew we Gaýgysyz Töräýew çykyş ederler.

  • 16-njy maýda: 94 kg çenli agram derejesinde Rüstem Annaberdiýew bäsleşer.

  • 17-nji maýda: Ýaryşyň soňky güni, 110 kg çenli agram derejesinde Dawranbek Hasanbaýew meýdança çykar.

Belläp geçsek, Hindistan agyr atletika boýunça Aziýa çempionatyny taryhynda ikinji gezek kabul edýär — mundan ozalky birinji çempionat 1982-nji ýylda IX Aziýa oýunlarynyň çäginde Deli şäherinde geçirilipdi.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatynda 28 ýygyndy pleý-off tapgyryna çykdy

Kabo-Werde hem ýeňmän, hem ýeňilmän 1/16 tapgyryna çykdy

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionatynda 1/16 finalyna çykan 19 ýygyndy belli boldy

Futbol boýunça dünýä çempionaty tomaşaçy sany boýunça rekord goýdy

Dünýä çempionatynda urlan gollar boýunça täze rekord goýuldy