JEMGYÝETSPORT

“Arkadag” topary AFK Çempionlar ligasy-2 ýaryşyna ýeňiş bilen başlady

Aziýa yklymynyň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan AFK Çempionlar ligasy-2 ýaryşy badalga aldy. Bu halkara ýaryşda Türkmenistan döwletimize sebitiň ilkinji “akylly” şäheri bolan Arkadag şäheriniň adybir “Arkadag” topary wekilçilik edýär.

“Arkadag” topary AFK Çempionlar ligasy-2 ýaryşynda “B” toparçasynda BAE-niň «Al-Jazira», Eýranyň «Gol Gohar» we Bahreýniň «Al-Muharrak» klublary bilen bäsleşýär.

Bu halkara ýaryşyň çäklerinde “Arkadag” topary öz meýdançasynda Bahreýniň “Al Muharrak” toparyny kabul edýär.

Arkadag şäheriniň 10 000 orunlyk stadionynda geçirilen duşuşykda “Arkadag” topary garşydaşyny 1:0 hasabynda utup, ilkinji 3 utugy aldy.

Duşuşykda erjel oýun görkezen “Arkadag” toparynyň düzüminde 52-nji minutda Mekan Saparow tapawutlandy.

Duşuşyga Şri-Lankadan gelen eminler topary hyzmat etdi. Oýnuň baş emini hökmünde Niwon Robeş bellenildi. Oňa kömekçi eminler hökmünde Palita Hemathunga (birinji kömekçi emin) we Buddhika Dias (ikinji kömekçi emin) kömek etdiler. Duşuşygyň dördünji emini wezipesini bolsa Mohamed Jafran ýerine ýetirdi.

“B” toparçasynyň beýleki duşuşygynda bolsa, BAE-niň «Al-Jazira» bilen Eýranyň «Gol Gohar» toparlary duşuşdy we duşuşyk deňme-deň tamamlandy.

“Arkadag” topary indiki duşuşygynda 14-nji oktýabrda BAE-niň «Al-Jazira» topary bilen myhmançylykda duşuşar.

Related posts

Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi

Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň Türkmenistana sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti täze teklipleri öňe sürdi

Ata Watan Eserleri