BILIM

“Dana bäşleşigi” geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, ýaş nesliň dünýä derejesinde bilim almagyny gazanmak meseleleri ünsden düşürilmeýär.  Ýaşlaryň ýurdumyzyň we dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklaryna, halkara derejesindäki ylmy-taslama bäsleşiklerine, olimpiadalara gatnaşyp, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaklaryna giň mümkinçilikler döredilýär.

Bu babatda daşary ýurt dillerine öwrenmeklige giň şertler döredilip, bu ugurda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde dil okuw merkezleri hereket edýär. Olarda ýaşlar dürli dilleri kämil öwrenmek üçin mümkinçilikler döredilýär. Şeýle hem ýaşlaryň alan bilimlerini özleşdirmegi üçin dürli bäsleşikler guralýar.

Ýaňy-ýakynda, Lebap welaýatynyň Baş bilim müdirligi we “Dana bilim merkezi” hojalyk jemgyýetiniň Türkmenabat şahamçasynyň guramagynda geçirilen 4-nji “Dana bäşlegi” geçirildi.

Bäsleşige Lebap welaýatynyň umumybilim berýän mekdepleriniň 7-nji synp okuwçylary rus dili dersi, 9-njy synp okuwçylary bolsa himiýa dersinden gatnaşdylar.

 

Ýene-de okaň

Ylmy bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlaryň 170-si sylaglandy

Amerikada mugt okuw : “Hýubert Hamfri adyndaky talyp haky”

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanyň alymlaryna ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty derejeleri berildi

Türkmenistanyň uniwersiteti daşary ýurtly uniwersitetler bilen täze ähtnmalara gol çekdi

Türkmen talyplary «Huawei ICT Competition 2025–2026» bäsleşiginde 3-nji orna mynasyp boldylar

Türkmenistan-ABŞ: täze bilelikdäki uniwersitet taslamalary maslahatlaşylýar