BILIM

Türkmenistan bilen Katar bilim ulgamynda ähtnama gol çekdi

Katar Döwletiniň Doha ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň rektory Salem Nasser Al Naeminiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda boldular.

Wekilýetiň agzalary institutyň sergisine aýlanyp mugallymlaryň, talyplaryň işläp taýýarlan taslamalary we programma üpjünçilikleri bilen tanyşdylar. Myhmanlar institutyň muzeýine aýlanyp gördüler we onuň taryhy bilen tanyş boldular.

Şeýle hem Katar döwletiniň Doha ylym we tehnologiýa uniwersiteti bilen Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy geçirildi.

Soňra Türkmenistanyň Telekommunikasiyalar we informatika institutynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda Doha ylym we tehnologiýa uniwersiteti bilen tanyşdyryş prezentasiýasy geçirildi. Onda Doha ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň rektory Salem Nasser Al Naemi çykyş edip professor mugallymlaryň şeýle hem talyplaryň soraglaryna jogap berdi.

Ýene-de okaň

“Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar

Bilim ministrliginde Yrak Respublikasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi

Türkmen okuwçylary Niderlandlarda geçirilen robototehnika ýaryşynda üstünlik gazandylar

Türkmenistan bilen Finlýandiýanyň instituty ähtnama gol çekişdi

Türkmenistan bilen Pakistan bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdylar