SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Frankfurta uçuşlary 3-nji terminaldan ýerine ýetiriler

6-njy maýdan «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan Frankfurt halkara howa menziline amala aşyrylýan uçuşlaryň 3-nji terminaldan ýerine ýetiriljekdigi habar berilýär.

Bu barada «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň resmi saýtynda bellenilýär.

Şunuň bilen baglylykda, ýolagçylara özbaşdak hasaba alyş (self check-in) hyzmatlaryny 3-nji terminalda amala aşyrmak we uçuş üçin degişli gapylara geçmek maslahat berilýär.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy uçuş terminalyňyzy öňünden barlamagyňyzy haýyş edýär.

Related posts

Jemgyýetçilik ulaglarynda örtük düzgüni ýatyryldy

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň dürli ülkelerinde zenanlaryň gözellik syrlary

Ata Watan Eserleri

Urumçi — Aşgabat — Urumçi ugry boýunça uçar gatnawlary başlaýar

Ata Watan Eserleri