Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanyp gelýär. Türkmen tälimçiniň «Turan Towuz» topary Azerbaýjanyň häzirki çempionatynyň jemleri boýunça azyndan üçünji orny eýelemegi başardy. Bu görkeziji hem azyndan, «Turan Towuz» toparynyň geljek möwsümde Konferensiýalar ligasynda çykyş etmegine mümkinçilik berer.
Azerbaýjanyň çempionatynyň 31-nji tapgyrynyň çäginde geçirilen duşuşykda «Turan» «Karwan» toparyny 1:0 hasabynda ýendi. Berdiýewiň topary indi üçünji orundan aşak düşmez, emma ikinji ýerde barýan «Karabag» toparyndan öňe geçmäge mümkinçiligi bar.
Möwsümiň tamamlanmagyna iki tapgyr galanda «Karabag» «Turandan» 4 utuk öňde barýar. «Sabah» topary bolsa wagtyndan öň çempionlygy kepillendirdi.
«Meniň Azerbaýjandaky üstünligim karýeramdaky aýratyn orny eýeleýär. Sebäbi şu iki ýylyň dowamynda biz iň pes derejeden başlap, häzirki sepgide ýetdik — biz ýewrokuboklara barýarys. Klubyň prezidenti düzümi güýçlendirmek barada maksat goýdy. Biz futbolçylary çagyrmak üçin dürli ugurlary gözleýäris. Oýunçylary çagyranyňda, olar ilki bilen klubyň ýewrokuboklarda oýnaýandygyna ýa-da oýnamaýandygyna seredýärler. Indi bu has aňsat bolar», — diýip, Berdiýew aýtdy.
