DÜNÝÄ

Meredow bilen Saidow Daşkentde geçirilen atçylyk sporty çärelerine ýokar baha berdiler

Özbegistanyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saidow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada Özbegistanyň DIM-niň ýolbaşçysy söhbetdeşligiň jemleri boýunça habar berdi.

Taraplar dostluk, hoşniýetli goşunçylyk we strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan özbek-türkmen gatnaşyklarynyň ýokary derejesini tassykladylar. Saidowyň aýtmagyna görä, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk ähli esasy ugurlar boýunça yzygiderli berkidilýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda ministrler 8-10-njy maý aralygynda Özbegistanda geçirilen «Ahalteke bedewi — halklaryň dostluk nyşany» atly ylmy-amaly maslahatyň, şeýle hem özbek we türkmen taraplarynyň bilelikde hem-de daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda gurnalan atçylyk sportuna degişli halkara çäreleriniň netijelerine ýokary baha berdiler.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bolup geçen ýaryşlaryň we medeni çäreleriň ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de iki döwletiň halklarynyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek üçin ýene-de bir möhüm binýat bolandygyny bellediler.

Gepleşigiň dowamynda ýaryşlaryň ýeňijilerini sylaglamak meselesine aýratyn üns berildi. Gatnaşyjylaryň köpsanly baýraklar bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň adyndan ýokary sylaglara mynasyp bolandyklary kanagatlanma bilen bellenildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň oba hojalyk ministri FAO-nyň sebit maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň arasynda hyzmatdaşlyk ähtnamasyna gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň ylym, bilim we halkara hyzmatdaşlyk ulgamyndaky wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi

Täjigistan bilen Hytaýyň kompaniýalary 8 milliard dollarlyk 50-den gowrak ylalaşyga gol çekdiler

Türkmenistan bilen Uganda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrýar

Türkmenistanyň žurnalistleri ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň «IVLP» maksatnamasyna gatnaşýarlar