JEMGYÝET

Türkmen işewürleri britan bazaryna çykmagy maksat edinýär

Londonyň “West London Chambers of Commerce” edarasynyň binasynda Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň hususy pudagynyň wekillerini birleşdirýän işewürlik forumyna badalda berildi. Çäre 11–15-nji maý aralygynda geçirilýär we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge, gönüden-göni işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga hem-de türkmen işewürliginiň britan we ýewropa bazarlaryndaky eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir.

Bu başlangyjyň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we “West London Chambers of Commerce” edarasy çykyş etdi. Şeýle hem çäräniň guramaçylygynda “TurkmenExpo” kompaniýasy orun alýar we oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi goldaw berýär.

Türkmen wekiliýetiniň düzümine öz önümlerini we hyzmatlaryny tanyşdyrmaga taýýarlykly 20 milli kompaniýanyň wekilleri girdi. Britan tarapyndan bolsa missiýa 40-dan gowrak gurama we kärhana gatnaşýar. Olaryň arasynda dünýä belli gurluşlar we brendler bolan “Range Rover”, “Primark”, “Shell”, “Score”, “APM Fresh”, “Fieldfisher”, “Make UK”, “Berkeley Group”, şeýle hem “University of Cambridge”, “Brunel University London”, “University of West London”, “Sanderson Design Group” we “Smart Currency Exchange” ýaly bilim we beýleki edaralar bar.

Resmi açylyş dabarasy Alan Raýdsyň gutlag sözi bilen başlandy. Ol Beýik Britaniýa bilen Türkmenistanyň arasynda işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhümdigini nygtap, britan işewürleriniň Merkezi Aziýa bazaryna uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Şeýle hem şu hepde dowamynda britan kompaniýalary iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen Türkmenistana sapar etmegiň mümkinçiliklerine gararlar.

Gutlag sözi bilen çykyş eden Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow halkara hyzmatdaşlygyň ýurduň hususy pudagyny ösdürmekde we türkmen önümlerini daşary ýurt bazarlaryna çykarmakdaky ähmiýetini belledi. Açylyş dabarasyndan soň hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça gysgaça tanyşdyrylyşlar geçirildi.

Esasy üns agrosenagat we azyk pudagyna, dokma senagatyna, bilime, syýahatçylyga hem-de gurluşyk ulgamyna gönükdirildi.

Günüň ikinji ýarymynda işewürlik forumyna gatnaşyjylar üçin tanyşdyryş saparlary guraldy. Hepdäniň dowamynda bolsa täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak we Türkmenistan bilen Beýik Britaniýayň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen birnäçe duşuşyklary, pudaklaýyn gepleşikler we işewürlik saparlary geçiriler.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen “Petronas” täze önümi paýlaşmak hakynda ähtnama gol çeker

“Agro Pack Turkmenistan-2026” sergisi geçirilýär

«Gadamly» gury ýük gämisi Azerbaýjanda dabaraly garşylandy

Türkmenistanyň Prezidenti “Petronas” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň gurluşyk işleri bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri meşhur özbek aýdymçysy Farruh Zokirowy ýubileý ýaş toýy bilen gutlady