SPORT

Şotlandiýanyň çempionaty möhletinden öň tamamlandy

Şotlandiýanyň Professional Futbol Ligasy, “COVID-19” koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy howpy sebäpli milli çempionaty wagtyndan öň bes etmek kararyna geldi. Bu barada “SPFL-iň” metbugat gullugy habar berdi.

Futbol çempionatyndaky 12 klubynyň hemmesi ýaryşyň ir tamamlanmagy üçin ses berdiler. Çempionat togtadylanda Glazgo şäheriniň “Seltik” topary uly aratapawut bilen öňde barýardy. Netijede, “Seltik” topary çempion diýlip ykrar edildi. Bu topar yzly-yzyna dokuzynjy gezek ýurduň çempiony boldy.

Ikinji ýeri “Seltik” toparynyň esasy bäsdeşi “Reýnjers” topary, üçünji orny bolsa, “Moteruell” topary eýeledi.

Related posts

CAFA Aziýanyň iň gowy sebit assosiasiýasy diýip ykrar edildi

Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň bijeleri çekildi

“PSW” topary 14-nji gezek Superkubogy gazandy