SPORT

Türkmen türgeni Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynda altyn medal gazandy

Gazagystanyň Astana şäherinde dowam edýän Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynda türkmenistanly türgenler şowly çykyş edýärler. 10-njy sentýabrda türkmen türgenleri 3 medal gazanan bolsalar, 11-nji sentýabrda ildeşlerimiziň ýene 2-si hormat münberine çykdy. Olaryň biri Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynyň çempiony boldy. Şeýlelikde, türkmen türgenleri 5 medal gazandylar.  Bu barada «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň «7/24.tm» elektron goşundysy habar berýär.

Türkmenistanyň guşakly göreş boýunça ýygyndysynyň türgeni, Türkmen döwlet maliýe institutynyň 2-nji ýyl talyby Annagurban Allaberdiýew alyş göreşi boýunça 90 kilogram agram derejesinde çykyş edip, altyn medal gazanmagy başardy.

Türkmenistanyň guşakly göreş boýunça ýygyndysynyň türgeni, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň çagyryş boýunça harby gullukçysy Pälwan Gurbangeldiýew alyş göreşi boýunça 100 kilogram agram derejesinde bürünç medala mynasyp boldy.

Türgenler sportuň 21 görnüşi boýunça medallaryň 97 toplumy ugrunda göreş alyp bararlar. Ýaryşlarda baýrakly orunlary eýelänlere gowşurmak üçin taýýarlanylan medallaryň jemi möçberi 581-e deňdir.

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri 2026-njy ýylyň alty aýynda 415 medal gazandylar

Diego Forlan Urugwaýyň futbol ýygyndysyna baş tälimçi boldy

Makgregor 5 ýyldan soňra ýene ýeňildi

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina ýarym finalda Angliýa bilen oýnar

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar