SPORT

Ronaldonyň tälimçisi wezipesinden boşadyldy

Saud Arabystanyň “Al-Nasr” toparynyň baş tälimçisi Rudi Garsiýa wezipesindne boşadyldy. Saud topary tälimçi Garsiýa bilen şertnamanyň ikitaraplaýyn ylalaşyk esasynda ýatyrylandygyny mälim etdi.

Düzümine Kristiano Ronaldony goşmak bilen çempionlyk ugrunda göreş alyp barýan saud topary garaşylan netijäni bermedi. Şonuň netijesinde, 2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda wezipä bellenen fransuz tälimçi eýeleýän wezipesinden boşadyldy.

Häzirki wagtda “Al-Nasr” topary çempionatda ikinji orunda barýar we “Al-Ittihad” toparyndan 3 utuk yzda barýar. Topar 23 tapgyrda 53 utuk jemledi.

“Al-Nasr” topary çempionatyň nobatdaky tapgyrynda dördünji orunda barýan “Al-Hilal” topary bilen duşuşar.

Related posts

Eriksen ahyry meýdançalara dolanýar

Ata Watan Eserleri

Ispaniýanyň çempionaty “Sewilýanyň” ýeňşi bilen başlady

Aziýanyň Kubogy-2023: Türkmenistanyň ýygyndysynyň duşuşyklarynyň senesi

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment