SPORT

Tedesko Belgiýanyň ýygyndysynyň tälimçisi boldy

Germaniýaly tälimçi Demeniko Tedesko Belgiýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň täimçisi wezipesine bellendi. Germanliýaly tälimçi bilen 2024-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň ahyryna çenli şertnama baglaşyldy.

Belgiýa Patyşalygynyň Futbol assosiasiýasynyň metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, Tedesko Ýewropa çempionatynyň ahyryna çenli Belgiýanyň ýygyndysyna tälim berer.

37 ýaşyndaky Tedesko Belgiýanyň ýygyndysynyň ozalky tälimçisi Roberto Martinesiň ornuna bellendi. Roberto Martines Katardaky dünýä çempionatynda Belgiýanyň ýygyndysynyň şowsuzlyga uçramagyndan soňra tälimçilik wezipesinden boşadylypdy.

Domeniko Tedesko ozal milli ýygyndylara tälim berip görmändi. Ol Germaniýanyň “Şalke” we “Leipsig” toparlaryna we Russiýanyň “Spartak” toparyna tälim beripdi.

Belgiýanyň ýygyndysynyň ozalky tälimçisi Roberto Martines häzirki wagtda Portugaliýanyň ýygyndysyna tälim berýär.

Ýene-de okaň

Fransiýa çärýek finalda Marokko bilen oýnar

Marokko ilkinji bolup çärýek finala çykdy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionaty: 1/8 finalyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň rekordlary bilen Argentina 1/8 finala çykdy

Portugaliýa bilen Ispaniýa 1/8 finalda duşuşar

Garri Keýn meşhur Peleden öňe saýlandy