SPORT

Messili “PSŽ” bir kubokdan mahrum galdy

Argentinaly futbolçy Lionel Messiniň düzüminde oýnaýan “PSŽ” topary Fransiýanyň kubogyny gazanmak ugrundaky ýaryşyň 1/8 finalynda “Marsel” toparyndan utulyp, kubogy gazanmak mümkinçiligini elden giderdi.

“Marsel” topary öz meýdançasynda 12 ýyldan soňra “PSŽ” toparyny 2:1 hasabynda utup, kubok ýaryşynyň 1/4 finalyna çykmagy başardy. Mundan ozal, “Marsel” topary parižlileri 2011-nji ýylda ýeňipdi.

Messi Fransiýanyň kubogyndaky ýaryşda ýeňlişe sezewar boldy. Ol bu duşuşyga “10” belgili köýnekçe bilen çykdy. Adatça, Messi parižlileriň düzüminde “30” belgili köýnekçe geýýärdi.

Messi 2021-nji ýylyň tomsunda “PSŽ” toparyna geçipdi we häzirki wagtda onuň şertnamasynyň möhletini uzaltmak boýunça gepleşikler geçirilýär.

Related posts

Ýaýa Toure 37 ýaşady

Usman Habibiň ýoluny mynasyp dowam etdirýär

Pariždäki Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji altyn medalyny Hytaý gazandy

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment