BIZNES

AÖB kämilleşdirilen üstaşyr ulgamyny tanyşdyrdy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Aziýa Ösüş Bankynyň wekilleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy boldy. Duşuşyk, «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» maksatnamasynyň»  çäklerinde geçirildi.   Bu barada gümrük gullugynyň resmi saýtynda bellenilýär.

Aziýa Ösüş Bankynyň bilermenleri duşuşyga gatnaşan Döwlet gümrük gullugynyň hünärmenlerini Kämilleşdirilen üstaşyr ulgamy we gümrük maglumatlaryň elektron alyş-çalşygy ulgamynyň işi, onuň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar. Duşuşygyň dowamynda, oňa gatnaşyjylar bu ulgama  Türkmenistanyň gatnaşmagy barada meseläni ara alyp maslahatlaşdylar.

Agzalan ulgam gümrük düzgünlerini ýönekeýleşdirmegi we sazlaşdyrmagy we CAREC sebitinde sazlaşykly üstaşyr ulgamyny döretmegi maksat edinýän sebitleýin üstaşyr ulgamydyr. Ulgamyň esasy artykmaçlyklary üstaşyr ýükleriň daşalmagynyň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak, wagt we çykdajylary tygşytlamak we serhet geçelgelerinde gümrük amallarynyň tizleşdirilen tertipde amala aşyrmak bolup durýar.

Öz gezeginde, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy ýurduň çäginden geçýän üstaşyr geçelgeleri ösdürmek maksady bilen gümrük amallaryny sanlylaşdyrmak boýunça yzygiderli işleri amala aşyrýar. Gümrük gözegçiliginiň has ýönekeýleşdirilmegi we gümrük taýdan resmileşdirmek işleriniň çalt ýerine ýetirilmegi üçin çäreler görülýär. Sanly özgertmeler Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda işjeň ornaşdyrylýar.

Ýene-de okaň

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler

Türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar