JEMGYÝET

20-nji maý Bütindünýä arylar güni

Arylaryň biziň tebigatymyza has takygy ösümliklere ýetirýän täsiri örän uludyr. Hut şu nukdaýnazardan ugur alnyp indi ençeme ýyldan bäri Bütindünýä arylar güni giň gerimde bellenilip geçilýär. Bu şanly sene abraýly halkara guramalarynyň biri bolan BMG-nyň senenamasyna girizilendigini aýratyn bellemegimiz gerek. Onda esasan hem çagalaryň arylar barada düşünjesini baýlaşdyrýan, arylaryň biziň durmuşymyzda nähili möhümdigini düşündirýän birnäçe medeni-köpçülikleýin çäreler geçirilýär. Bu çärelere esasan hem bal arsyny saklaýan hünärmenler çykyş edýärler. Bulardan başga-da bu şanly senede arybalyndan taýýarlanylýan tagamlar baýramçylyk saçagynyň bezegine öwrülýär.

 

Related posts

Ahal-Balkan ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisi işe girizildi

Türkmenistan’da Gaziler ödüllendirildi

vepa

Saygıdeğer Sayın Devlet Başkanımız!

vepa