Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda innowasion ösüş strategiýasyny durmuşa geçirýän Türkmenistan energetika taýdan kuwwatly döwlet hökmünde dünýädäki ornuny pugtalandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň binýady bolan nebitgaz pudagy batly depginde ösdürilýär. Pudakda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler baý tebigy serişdeleri çuňňur gaýtadan işlemäge, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Nebitgaz pudagynda amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalary diňe bir ykdysady ähmiýete eýe bolman, eýsem, sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda hem möhüm wezipäni ýerine ýetirýär. Şunda durnukly ykdysady ösüş üçin täze infrastruktura taslamalaryny döretmek, pudagyň ägirt uly mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan arassa önümlere bolan islegi göz öňünde tutup, onuň dünýä bazaryndaky ornuny berkitmek, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, bu maksatlara ýetmek üçin öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary, abraýly maliýe düzümleri bilen işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak esasy wezipeleriň hataryndadyr.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşiniň esasy şerti bolup çykyş edýär. Ýurdumyz ägirt uly serişde kuwwatyna daýanyp, nebitgaz toplumyny ýokary tehnologiýaly pudaga öwürmegini dowam etdirýär. Şunda çig mal eksportyndan uglewodorod serişdelerini çuňňur gaýtadan işlemäge geçilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Pudaga innowasion sanly ulgamlar, ekologik taýdan arassa çözgütler giňden ornaşdyrylýar. Bu bolsa önümçilik kuwwatlyklaryny yzygiderli artdyrmaga, halkara hil standartlaryna doly laýyk gelýän önümleri çykarmaga mümkinçilik berýär.
Nebitgaz pugagynda halkara hyzmatdaşlygyna hem aýratyn ähmiýet berilýär. Ýangyç-energetika toplumy Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugrudyr. Türkmenistanyň hem-de “PETRONAS” kompaniýasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetine ýokary baha berilýär.
“PETRONAS” – Türkmenistanyň çäginde uzak wagtdan bäri işleýän we iň ygtybarly daşary ýurt hyzmatdaşlaryndan biridir. Kompaniýa biziň ýurdumyzda öz işine 1996-njy ýylda başlapdy we şondan bäri Hazar deňziniň kenaryndaky uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek taslamalaryna işjeň gatnaşýar. Nebit we gaz önümçiliginden başga-da, “PETRONAS” milli nebitgaz pudagy üçin işgärleri taýýarlamaga goldaw berýär.
Şu ýyl Türkmenistan bilen “PETRONAS” kompaniýasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyga 30 ýyl doldy. Şunuň bilen baglylykda, Malaýziýanyň bu iri kompaniýasynyň wekiliýeti ýurdumyzda saparda bolýar. Işewürlik söhbetdeşliginiň netijesi boýunça taraplaryň arasynda täze resminama gol çekildi. Duşuşygyň çäklerinde «Türkmennebit» döwlet konserni bilen Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Turkmenistan) SDN BHD» kompaniýasynyň arasynda Teswirnama gol çekmek dabarasy boldy. Bu resminama Hazar deňziniň türkmen bölegindäki 19-njy we 20-nji ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça önümi paýlaşmak baradaky şertnamanyň täjirçilik şertlerini öz içine alýar.
Häzir dünýä döwletleriniň energiýa serişdelerine bolan islegleriniň artýan şertlerinde ýurdumyzyň uly möçberdäki uglewodorod serişdeleriniň daşarky bazarlara çykarylyşynyň ugurlaryny köpeltmek ugrundaky işler: täze nebitgaz känlerini özleşdirmek, halkara gaz geçirijilerini çekmek we kuwwatly desgalary gurmak ýaly iri taslamalar dünýä jemgyýetçiliginiň geosyýasy we geoykdysady taýdan amatly ýerde ýerleşen ýurdumyza bolan gyzyklanmasyny barha artdyrýar.
Şemşat Baýymowa,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 3NGPYD “A” toparynyň talyby.
