BILIM

Türkmenistanda Malaýziýanyň talyp haky maksatnamasyna arzalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçihanasy 2026-njy okuw ýyly üçin “Malaysian Technical Cooperation Programme (MTCP) Scholarship” halkara talyp haky maksatnamasyna gatnaşmak üçin arzalaryň kabul edilip başlanandygyny habar berdi.

Malaýziýa hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän bu maksatnama Türkmenistanyň raýatlaryna ýurduň döwlet uniwersitetlerinde magistratura programmalary boýunça bilim almaga mümkinçilik berýär.

Okuw magistratura maksatnamalary boýunça “coursework”, “mixed mode” ýa-da “research” görnüşlerinde alnyp barlyp bilner. Okuwyň dowamlylygy 24 aýdan 36 aýa çenli dowam edýär.

Maksatnama gatnaşmak üçin arzalar 2026-njy ýylyň 12-nji iýunyna çenli kabul edilýär.

Resminamalary maksatnamanyň resmi saýty arkaly tabşyryp bolýar:

MTCP Scholarship: https://mtcp.kln.gov.my/scholarship?utm_source

Ýene-de okaň

Türkmenistanda çagalaryň tomusky dynç alyş döwri başlandy

Robot tehnikasy: Maryda ýaş zehinleriň bäsleşigi jemlendi

ELS maksatnamasynyň çäklerinde hünär kämilleşdiriş okuw sapaklary geçirilýär

Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

Türkmenistanda «Soňky jaň» dabaralary geçirildi

Büzmeýin etrabynda täze mekdep, çagalary bagy we saglyk öýi gurlar