BIZNES

«Türkmennebit» we «Petronas» täze maýa goýum taslamalary boýunça Teswirnama gol çekdiler

«Türkmennebit» döwlet konserniniň ýolbaşçylary bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda 11-nji maýda duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ýangyç-energetika toplumynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda energetika ulgamyndaky bar bolan uly mümkinçilikleri netijeli ulanmak ugrunda bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Işewürlik söhbetdeşliginiň netijesi boýunça taraplaryň arasynda täze resminama gol çekildi. Duşuşygyň çäklerinde «Türkmennebit» döwlet konserni bilen Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Turkmenistan) SDN BHD» kompaniýasynyň arasynda Teswirnama gol çekmek dabarasy boldy.

Bu resminama Hazar deňziniň türkmen bölegindäki 19-njy we 20-nji ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça önümi paýlaşmak baradaky şertnamanyň täjirçilik şertlerini öz içine alýar.

Related posts

Türkmen-eýran işewürler duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Meeting of Deputy Foreign Ministers of Central Asian states was held in Bishkek

vepa

Tender bäsleşiklerine gatnaşmak ýeňilleşdirildi