BIZNES

Hytaý 1-nji çärýekde 2,4 mlrd dollarlyk türkmen gazyny import etdi

2024-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Hytaý jemi bahasy 2,4 mlrd dollar bolan türkmen gazyny import etdi. Bu barada HHR-niň Baş gümrük müdirligi habar berdi.

Bellenilişi ýaly, HHR-e “mawy ýangyjy” iri eksport edijileriň hataryna Awstraliýa (3,6 mlrd dollara 6,3 mln tonna), Katar (3,1 mlrd dollara 5,2 mln tonna) we Malaýziýa (1,15 mlrd dollara 2,3 mln tonna) girýär. Bu ýurtlar gazy suwuklandyrylen görnüşinde iberýärler.

Häzirki wagtda Türkmenistan Hytaýa tebigy gazy üç ugur boýunça eksport edýär. Ol ugurlar Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý ugry boýunça geçip, ýyllyk kuwwaty 55 mlrd kub metr gaza barabardyr.

Related posts

2020-nji ýylda 283 birža söwdalary amala aşyryldy

Türkmenistanda izobutan öndürýän desga gurlar

Barlaghanada ilkinji gezek kofe öndürildi