BIZNES

Türkmenistanda 9 aýda jemi öndürilen önüm 11,7 göterim artdy

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýurdumyzda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.

Maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, şu ýylyň dokuz aýynda jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy.

Bu görkeziji senagat pudagynda 3,5 göterime, gurluşykda 9,3 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 6,8 göterime, söwdada 9 göterime, oba hojalygynda 5,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7,5 göterime deň boldy. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,7 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň üç çärýeginde bölek satuw haryt dolanyşygy 11,2 göterim köpeldi.

Daşary söwda dolanyşygynda hem oňyn görkezijiler gazanyldy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 102,4 göterim, çykdajy bölegi 97,7 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2023-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 10,5 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 16,6 göterim artdy.

Şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda gurulmagy we durky täzelenilmegi meýilleşdirilen desgalar boýunça ýerine ýetirilen işler barada aýdyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 6 aýda 39 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz öndürildi

Azerbaýjan bilen Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

Täjigistan türkmen telekeçilerini erkin ykdysady zolaklaryň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy

Türkmenistan we Niderlandlar gämi gurluşygyndaky strategik hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Türkmenistanyň serhetüsti ýük dolanşygynyň möçberleri ýokarlandy

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler