JEMGYÝET

“Agro Pack Turkmenistan-2026” sergisi geçirilýär

 2026-njy ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Agro Pack Turkmenistan-2026” atly halkara sergi öz işine badalga berdi. Halkara derejede uly gyzyklanma döredýän bu sergi oba hojalygy, azyk senagaty hem-de döwrebap gaplama tehnologiýalary boýunça öňdebaryjy tejribeleri bir ýere jemledi.

Serginiň açylyş dabarasynda Hormatly Prezidentimiziň gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly ruhubelentlik bilen okaldy. Gutlagda ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak, azyk bolçulygyny üpjün etmek we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleriň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

“Agro Pack Turkmenistan-2026” atly halkara sergisinde ýurdumyzyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň häzirki zaman enjamlary, innowasion tehnologiýalary hem-de ekologik taýdan arassa önümleri giňden tanyşdyrylýar. Şeýle-de serginiň çäklerinde işewür duşuşyklary geçirilip, täze hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylýar.

14-nji maýa çenli dowam etjek halkara sergi ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde, öňdebaryjy tejribeleri alyşmakda hem-de pudagyň ösüşine täze itergi bermekde möhüm halkara meýdança hökmünde çykyş edýär.

Ýene-de okaň

Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramy bellendi

Azerbaýjanyň sowgat beren “Dostluk” atly gämisi Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna geldi

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Arkadag şäherinde täze desgalar gurlar

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gaznalary sergi gurar