TEHNOLOGIÝA

«Aýdyň gijeler»: türkmen dilinde emeli intellekt dörediler

2016-njy ýylda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk materiallary ministrligi bilen bilelikde esaslandyrylan “Aýdyň gijeler” kompaniýasy Hytaýyň öňdebaryjy korporasiýalary bilen strategiki hyzmatdaşlygy pugtalandyryp, 10 ýyldan bäri netijeli hyzmatdaşlygyny ösdürýär.

“Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetini ösdürmegiň strategiki ugurlarynyň hatarynda – robotlaşdyrylan çözgütler üçin niýetlenen türkmen dilinde emeli intellekt döretmek boýunça işler bar. Bu barada kompaniýanyň resmi saýtynda habar berilýär.

Hytaý hyzmatdaşlarynyň goldawy bilen bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi kompaniýanyň taryhynda täze sahypa açar we Türkmenistanyň sanly ösüşine goşant goşar. “Aýdyň gijeler”-iň hytaý kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy diňe bir işewür hyzmatdaşlyk däl, eýsem durnukly tehnologiki geljegi gurmaga gönükdirilen doly hukukly bileleşikdir. Munuň özi halkara hyzmatdaşlygyna açyklygyň we innowasiýa ymtylmagyň möhüm netijelere getirýändiginiň aýdyň mysalydyr.

“Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetiniň ösüşiniň möhüm hereketlendirijileriniň biri Hytaý Halk Respublikasynyň öňdebaryjy döwlet korporasiýalary we iri hususy kompaniýalary bilen köp ýyllyk hyzmatdaşlyk boldy. Bu gune biziň hyzmatdaş kompaniýalarymyz— Inspur Software Co., Ltd, EastComPeace Technology Co., Ltd, Elinc China Company Limited, China Electronic Corporation, Zhongshan Xinsenye Lighting Technology Co., Ltd, Yangzhou FAMA Intelligent Equipment Co., Ltd. “Aýdyň gijeler” hyzmatdaşlarynyň umumy sany eýýäm 50 kompaniýadan geçýär.

Häzirki wagtda “Aýdyň gijeler” önümleriniň görnüşi 60-dan gowrak görnüşden ybarat. Olaryň arasynda noutbuklar, planşetler, smartfonlar we radioterminallar, plastik bank kartlary we SIM-kartalar, şeýle hem daşarky we içerki ulanmak üçin LED çyralar bar. Şeýle diwersifikasiýa kompaniýany ýokary tehnologiýaly önümleriň milli bazarynyň esasy oýunçylarynyň birine we Türkmenistanda importyň ornuny tutmak maksatnamasyna möhüm gatnaşyja öwürýär.

Ýene-de okaň

Aşgabat-Türkmenbaşy demirýol ugruny kämilleşdirilmek: ýolagçy otlulary 160 km/sag tizlikde işläp biler

Türkmenistan bilen Hytaý emeli aň ylmy-barlag merkezlerini döretmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna gatnaşdy

“Toyota” satuw boýunça rekord goýdy

Aşgabatda «Ýaş inžener — 2026» atly bäsleşik geçirildi

Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýoly 4G ulgamy bilen üpjün edildi