BIZNES

Aşgabatda Türkmenistan bilen “Petronas” kompaniýasynyň hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygy bellenildi

Aşgabatda Türkmenistanyň we Malaýziýanyň «Petronas» kompaniýasynyň köpýyllyk hyzmatdaşlygyna bagyşlanan dabaraly agşam geçirildi. Hökümet wekilleriniň, diplomatlaryň we nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçen bu baýramçylyk diňe bir korporatiw çäre bolman, eýsem, özara hormat goýmagyň we hünär derejesindäki sazlaşykly hyzmatdaşlygyň hakyky senasyna öwrüldi.

Dabara wise-premýer Guwanç Agajanowyň, ýurduň nebitgaz toplumynyň düzümleriniň ýolbaşçylarynyň, şeýle-de «Petronas» kompaniýasynyň ýokary wezipeli ýolbaşçylarynyň — baş ýerine ýetiriji direktory Tan Şri Tengku Muhammad Taufigiň hem-de gözleg we çykaryş bölüminiňbaş ýerine ýetiriji direktory Mohd Jukris bin Abdul Wahabyň gatnaşmagy duşuşygyň aýratyn derejesini görkezdi.

Çykyşlaryň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň we «Petronas» kompaniýasynyň wekilleri şuny bellediler: hyzmatdaşlygyň geçen 30 ýylynyň dowamynda kompaniýa Hazar deňzindäki ilkinji maýadarlaryň birinden strategik hyzmatdaşa çenli uly ýoly geçdi. Kompaniýanyň ýurduň ykdysadyýetine goşan goşandy 11,7 milliard dollar möçberinde bahalandyrylýar.

«Türkmennebit» DK-nyň wekili Maksat Esenowyň belleýşi ýaly, şu günki hyzmatdaşlyk täze derejä çykýar — bu ýerde gürrüň innowasiýalary we ekologiýa taýdan howpsuz çözgütleri ornaşdyrmak barada barýar.

Petronas» diňe bir platformalar we terminallar däl-de, eýsem, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga hem aýratyn üns berýär.  Eýýäm 300-den gowrak türkmen talyby «Petronas» Tehnologiýa uniwersitetinde (UTP) bilim alyp, ýurdumyzyň energetika pudagynda innowasiýalaryň hereketlendiriji güýjüne öwrüldiler.

Kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň, şol sanda toparyň baş ýerine ýetiriji direktory Tan Şri Tengku Muhammad Taufigiň Aşgabada sapary örän ähmiýetli ädim bilen jemlendi. Hazar deňziniň ýalpaklarynda 19-njy we 20-nji täze ygtyýarlandyrylan bloklary özleşdirmek üçin täze şertler baradaky Teswirnama gol çekilmegi, 30 ýylyň diňe bir başlangyçdygyny tassyklaýar.

Bu ädim maýadaryň geljege bolan ynamyny we Türkmenistanyň özara bähbitli gepleşikleri giňeltmäge taýýardygyny görkezýär. Şeýle hem wekiliýet Gyýanly şäherçesine baryp görer.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň işewürler toparynyň Beýik Britaniýa saparynyň birinji güni

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň kompaniýalary “Agro Pack Turkmenistan-2026” halkara sergisine gatnaşdylar

«Türkmennebit» we «Petronas» täze maýa goýum taslamalary boýunça Teswirnama gol çekdiler

Waşingtonda türkmen-amerikan işewürlik hyzmatdaşlygy boýunça assosiasiýasy döredildi

Türkmenistanda düýe ýüňünden we geçi çöpürinden ýüň ýüplük öndüriler

Türkmenistan “Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum” ykdysady forumynda üstünliklerini tanyşdyrar