DÜNÝÄ

Putin-Tramp-Szinpin duşuşygy 19-njy noýbrda geçiriler

Russiýanyň, Hytaýyň we ABŞ-nyň liderleri Wladimir Putiniň, Si Szinpiniň we Donald Trampyň üçtaraplaýyn duşuşygy 19-njy noýabrda Şençžen şäherinde geçiriler. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow şenbe güni žurnalistlere habar berdi.

Kremliň wekili: «Prezident Putin, Başlyk Si we Prezident Trampyň arasynda üçtaraplaýyn duşuşygy 19-njy noýabrda geçirmek barada ylalaşyk gazanyldy. Duşuşyk APEC sammitiniň çäklerinde Şençžen şäherinde geçiriler» diýip belledi.

Aziýa-Ýuwaş umman ykdysady hyzmatdaşlygynyň (APEC) ykdysadyýetleriniň liderleriniň 33-nji ýyllyk duşuşygy 2026-njy ýylyň 18–19-njy noýabrynda Hytaýyň Guandun welaýatynyň Şençžen şäherinde geçiriler.

Related posts

Szinpiniň Astana sapary: 24 resminama gol çekildi

Beglow: türkmen önümlerini rus bazaryna tanyşdyrmaga taýýardyrys

Ata Watan Eserleri

Özbegistan Russiýadan 2,8 milliard kubmetr tebigy gaz satyn alar