TEHNOLOGIÝA

Russiýa Federasiýasy ilkinji indoneziýaly kosmonawtyň uçuşyny guramaga taýýar

Russiýanyň we Indoneziýanyň kosmos pudagynda birnäçe geljegi uly taslamalary bar. Russiýa tarapy ilkinji indoneziýaly kosmonawtyň uçuşyny taýýarlamak we guramak üçin ähli zerur mümkinçiliklere eýedir. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Premýer-ministriň birinji orunbasary Denis Manturow Kazanda geçen Söwda-ykdysady we tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Russiýa-Indoneziýa toparynyň mejlisinde mälim etdi.

“Geçen aý Russiýada geçirilen Kosmos hepdeligine Indoneziýanyň ýokary derejeli wekilleriniň gatnaşmagy kosmos pudagyndaky gepleşikleriň işjeňleşmegine ýardam etdi. Häzirki wagtda eýýäm birnäçe geljegi uly taslamalar bar” diýip, Russiýanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary nygtady.

Söwda-ykdysady we tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Russiýa-Indoneziýa bilelikdäki toparynyň 14-nji mejlisi “Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum” XVII halkara ykdysady forumynyň çäklerinde geçirildi.

Indoneziýa tarapyndan mejlise ykdysady meseleler boýunça utgaşdyryjy ministr Airlangga Hartarto ýolbaşçylyk etdi.

Ýene-de okaň

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar

Türkmenistanyň gümrük ulgamynda emeli aň tehnologiýasy işe girizildi