JEMGYÝET

Türkmenistanda gurlan ilkinji «Gadamly» gury ýük gämisiniň Baku şäherine bardy

Baku halkara deňiz portunda Türkmenistanda gurlan ilkinji «Gadamly» gury ýük gämisini dabaraly garşy alyş çäresi geçirildi. Täze türkmen gämisiniň Azerbaýjana gelmegi doganlyk döwletleriň arasyndaky ulag-logistika hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylýandygynyň hem-de Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň ugrunda ýük daşamalarynyň ösdürilýändiginiň möhüm nyşany boldy.

Bu dabaraly çärä Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň ulag-logistika düzümleriniň wekilleri, degişli edaralaryň ýolbaşçylary hem-de iki ýurduň resmi wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçisi Gurbanmämmet Elýasow çykyş edip, «Gadamly» gury ýük gämisiniň ulanmaga berilmeginiň Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda gämi gurluşyk pudagynyň üstünlikli ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny belledi. Şeýle hem bu taslamanyň ýurduň senagat we ulag kuwwatynyň barha artýandygyny, şeýle-de Hazar sebitindäki söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna hyzmat edýändigini nygtady.

Şeýle hem, çäräde Baku halkara deňiz söwda portynyň direktory we “Azerbaýjan demir ýollary” Ýapyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygynyň orunbasary çykyş edip, bu dabaraly çäre Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň ulag düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň barha giňelýändiginiň we onuň gelejekde has-da giňeldilmeginiň möhümdigini bellediler. Çykyşlarda Hazar sebitiniň Gündogar–Günbatar halkara ulag ugurlarynyň möhüm bölegi hökmünde strategik ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Çärä gatnaşyjylar «Gadamly» gämisiniň ulanylmaga berilmeginiň deňiz ýük daşamalarynyň ösdürilmegine, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna hem-de Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine goşmaça itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Ýene-de okaň

Malaýziýa «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmegine gyzyklanma bildirýär

Türkmenistan bilen “Petronas” täze önümi paýlaşmak hakynda ähtnama gol çeker

“Agro Pack Turkmenistan-2026” sergisi geçirilýär

«Gadamly» gury ýük gämisi Azerbaýjanda dabaraly garşylandy

Türkmenistanyň Prezidenti “Petronas” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

Türkmen işewürleri britan bazaryna çykmagy maksat edinýär

Ata Watan Eserleri