ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Amangylyç Hapykow:«Bagtly ýollar kynlyk bilen geçiler…»

Köplenç käbir okyjylarym bilen jaňlaşýan: «Indi kim hakynda ýazsamkam?» diýip, olara maslahat salýan. «Şu gezek meşhur lukman Amangylyç Hapykow hakynda ýazsaňyzlaň! Nesip bolsa, ýakyn günlerde Amangylyç aganyň 85 ýaş ýubileý toýy. Onuň maşgala agzalarynyň on-a golaýy saglyk ulgamynda dürli ugurdan halkymyza hyzmat edip ýör. Halypa lukmanyň sagdyn maşgalany terbiýeläp ýetişdirmekde-de, özüniň 60 ýyldan gowrak zähmet ýolunda şägirt ýetişdirmekde-de uly hyzmaty bar. Ýan ýoldaşy Abadan Mülkiýewada il sylagly belli lukman mugallymlaryň biri» diýip salgy berdiler. Onsoň olaryň telefon belgisini tapyp, ýakynda öýlerine bardyk.Ýaşuly lukmany ýüzbe-ýüz görenimden, keşbi öňden tanyş ýaly täsir etdi. Sebäbi dürli ýyllarda çap bolan metbugat sahypalarynda ol barada ýazylan makalalaryň birnäçesine gabat geldim. Suraty bada-bat göz öňüme geldi. Tüweleme, Amangylyç aga-da, maşgalasy Abadan gelnejä-de gojalyk ýaşynda diýer ýaly däl, ýaş görünýärler. Jan saglygy, maşgala bitinligi bilen ýene-de uzak ýaşasynlar!

Saglyk-amanlyk soraşdyk-da, özümi tanyşdyrdym hemem näme maksat bilen barandygymy aýtdym. Abadan gelneje:

— Men häzir pensiýada bolamsoň öýde. Amangylyç agaňyza-da: «Indi işden çyk-da, senem öýde dynjyňy al!» diýýäs welin: «Ýok, ýok, öýde  oturyp kararym ýetmez. Işe güýmenmän, böwrümi diňläp özüme kesel gazanyp oturyp biljek däl» diýýär — diýip gürrüň berdi. Oňa çenli Amangylyç aga iki-üç sany içi suratly galyň albomy hemem bir topar gazet-žurnallary getirip öňümde goýdy. Soňra ol albomyň gatyny açyp bir ýaş ýigidiň suratyny eline aldy-da:

— Men uruş döwrüniň çagasy. On bir ýaşymdakam kakam dünýeden gaýtdy. Maşgalamyzyň agyr ýüki ejem bilen agalarymyň egnine düşdi. Ynha, şu elimde saklap duranym uly agam Orazgylyjyň suraty. Ol 21 ýaşynda öz arzasy bilen meýletin urşa gitdi.

 

Urşa gitmänkä obamyzdaky 20-nji ýediýyllyk mekdepde direktor bolup işlän, Abadanyň kakasy agamyň elinde işläpdir. Agamyň söweş meýdanynda ýazan hatlaryna gözümizi dikip garaşardyk. Birden hat gelmesi kesildi. Iň soňky gezek Stalingradyň goragyndaky söweşde ýazan haty gelipdi. Ejem pahyr ömrüniň ahyryna çenli agamyň ýoluna göz dikip garaşdy. Indi her gezek agamyň ýadygärlik galan suratlaryna seredenimde ejemiň şol agyr günlerdäki keşbi göz öňümde janlanýar. Obadaşlarymyzyň çeken hupbatly günleri hakydamda aýlanýar. Ýöne o mahalam seýrek bolsa-da biraz ganymat ýaşaýan maşgalalar bardy. Özüm ýaly deň-duş çagalaryň omaçaly süňk çorbanyň etini iýýänleri ýadymda. Men şolaryň ýere taşlan süňküni çägeden kakyp alyp gemirýärdim. Bugdaýyň hoşasy ýygnalyp hasyly gutaran meýdandan garynjalaryň üýşüren bugdaý dänelerini çöpläp iýerdim. Maşgalamyzda alty doganyň körpesi bolamsoň, biri-birimiziň egnimizden çykan eşikleri geýip ulaldyk. Özümden uly doganlarymyň gezekli-gezegine geýen eşikleri maňa ýetýänçä tüýdülip ýamak-ýamak bolardy. Tä instituta okuwa girýänçäm özüme aýratyn eşik satyn alnyp geýnen ýerim ýok.

Öýmüz mekdebe golaýdy. Aralykda birje köçe bardy. Okuwçy döwrüm gyşyň güni garyň içinde mekdebe aýak ýalaňaç gatnan wagtlarym kän boldy. Şo pursatlary ýatlanymda şu mahalam gözüme ýaş aýlanýar — diýip, damagy dolup gürrüň berdi. Ýaşulynyň aýdýan gürrüňlerinde ýasamalyk bolmansoň, diýseň täsir etdi. Ol biraz oturdy-da ýene gürrüňini dowam etdi:

— Uruşdan soň 1948-nji ýylyň ýer yranmasam halkymyz üçin agyr urgy boldy. Biz-ä dogrusy, o mahallar çagadyk, ýöne durmuşyň agyr günleri wagtyňdan öň ulalmaga mejbur edýän eken.  Şol döwrün ähli pursatlary diýen ýaly hakyda depderimde ýazylgy dur. Asmandaky yzy üzülmän uçýan uçarlary görüp, her kim ýene-de uruş turandyr öýtdüler. Emma ol uçarlar Aşgabat ýer yranmasynda heläkçilik çekenlere goldaw bermek üçin doganlyk halklaryň iberýän ynsanperwer kömekleriniň hyzmatyndaky uçarlardygyny özümizden ulular bize düşündirdiler.

Agama uruşdan soň watanymyza dolanyp gelmek miýesser etmedi. Şeýlelik bilen dereksiz ýiten agam Orazgylyç Hapykowyň ady ebedileşdirilip, dogduk obamyzdaky ýaşan köçesine onuň ady dakyldy.

Indi käte oturyp pikir edýän. Çagalyk ýyllarymy ýadyma salyp, öz-özüm: «ýer urup ýerde galan garyp maşgalada doglupdyryn» diýip içimi gepledýän. Ýöne il-günüň arasynda gowy adamlar kän eken. Instituta girjek bolanymda Aşgabatda synag tabşyrdym. Şo mahallar lukmançylyk institutyň rektory Saçly Dursunowady. Ol synag topardakylara ýüzlenip: «Geçiriň şu oglany synagdan, goý, oglan okasyn, ýokary bilim alsyn!» diýdi. Onuň şol sözi bilen synagdan geçirdiler, şeýlelik bilen lukmançylyk ugurdan ýokary okuw mekdebine girdim. Hünärim epidemiolog — diýip, gürrüň berdi-de, ol sagadyna seredip:

— Bagyşlaň, işe baryp geljek. Siz Abadan gelnejeňiz bilen arkaýyn söhbetdeş boluň! Goşmaça sowalyňyz bolsa jaň aýlaýyň! — diýip, ýagdaýyny aýtdy.  Abadan gelnejä sowal bermezden öňürti öňümde goýlan gazet-žurnallara gysgajyk göz aýladym.

«Türkmenistan» gazetiniň 2022-nji ýylyň 19-njy aprel sanynda çap bolan «Merdana gerçegi hatyralap» atly makala bada-bat  gözüme kaklyşdy. Makalany dolulygyna göçürip aldym:

«Maňa mundan 54 ýyl ozal Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň häzirki Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 10 01-nji harby bölüminde lukman bolup, Mälikguly aga bilen bile işleşmek miýesser etdi. Şol wagtlar Mälikguly aga harby bölümde partiýa komitetiniň sekretarynyň orunbasary bolup işleýärdi. Mälikguly aga harby bölümde işlän döwründe harby gullukçylary watansöýüji adamlar edip ýetişdirmekde jogapkärli işleri alyp barýardy. Ol ýaşlary partiýa agzalygyna seçip-saýlap alýardy hem-de olary watançylyk ruhunda terbiýeläp, zähmet ýoluna ugrukdyrýardy. Şeýlelikde Mälikguly aganyň ýetişdiren harby gullukçylary Içeri işler ministrliginiň edaralarynda dürli wezipelerde işläp, abraýly serkerdeler bolup ýetişdiler.

Mälikguly aga diýseň ynsanperwer, giň düşünjeli, pähim-parasatly, hoşgylaw, zähmete berlen ynsandy. Mertebesi belent bu ynsan meni hem durmuş ýoluna ugrukdyryp, arassa, halal zähmet çekmäge gönükdirdi. Işe başlan döwürlerimdi. Maşgalamyz bilen ýaşamaga aýratyn jaýymyz bolmansoň, kireýne ýaşaýardyk. Şol günleriň birinde Mälikguly aga ýaşaýyş şertim bilen gyzyklanyp, bary-ýogy üç aýdan soň, özbaşyma jaýly bolmagyma ýardam etdi. Bu ýagşylygy üçin bütin maşgalamyz Malikguly agadan ömürlik hoşal bolduk.

Bir günem ol maňa partiýanyň agzasy bolmagy maslahat berip: «Eger-de sen partiýanyň agzasy bolsaň, onda Watanymyzyň ynamdar adamy bolup ýetişersiň!» diýdi. Men halypa sözüni jäht tutup, partiýanyň agzalygyna saýlandym.

Ýagşy adam hiç mahal ýatdan çykmaýar. Mälikguly Berdimuhamedow hem şeýle ynsanlaryň biridi. Onuň Watanymyzyň asudalygy, nesilleriň ruhy-ahlak taýdan terbiýelenmegi babatda alyp baran işleri nusgalykdyr. Ol belent ynsanperwer keşbi bilen hemişe kalbymyzyň töründe ýaşap ýör.

Oguz han sypatly, merdana gerçek,

Siz bilen nurlandy zamana-geljek.

Siz merdana, gaýrat üçin dogulan,

Nusgalyk Siz, naýbaşysy gowulaň.

 

Halal ojagyňyz, nesliňiz halal,

Azaba ýugrulan kesbiňiz halal.

Ölçegi Siz päk ahlagyň, ynsabyň,

Tarypy tükenmez Siz deý ynsanyň!

Amangylyç Hapykow, Ak bugdaý etrabynyň «Täze durmuş» daýhan birleşiginiň saglyk merkeziniň müdiri».

Soňra beýleki gazet-žurnallara göz aýladym. Giň göwrümli ýazylan makalalar Amangylyç aganyň hemem Abadan gelnejäniň durmuş hem zähmet ýoly barada dürli awtorlar tarapyndan ýazylypdyr. Makalalaryň möçberi uly bolansoň, arkaýynlykda okamak üçin öýe alyp gaýtdym, ýöne öýe gaýtmazdan öňürti Abadan gelneje bilen bir salym gürrüňdeş bolduk. Onuň sagdyn hem düşnükli gürrüň berýän durmuş ýatlamalary ýazyjynyň çeper eserini okaýan ýaly täsir etdi. Başyndan geçiren her bir pursaty duýgulandyrdy hem oýlandyrdy. Diňläp otyryn welin, meşhur şahyrymyz Kerim Gurbannepesowyň: «Bagtly ýollar kynlyk bilen geçiler…» diýen setiri öwran-öwran gulagymda ýaňlandy durdy. Sebäbi şol wagt öýüň içine göz aýlanyňda-da, gürrüňdeş bolanyňda-da tüweleme, häzir olaryň bagtly durmuşda ýaşaýandyklaryna akyl ýetirmek kyn däl. Ýöne şol bagtly günlere ýetmek üçin olaryň geçen ykbal ýollaryndaky söhbetleri, şahyryň pähime ýugrulan goşgy setirini ýadyma saldy.

Şu ýerde ýene bir zady aýdasym geldi. Kynçylykly durmuşy başdan geçiren adamlaryň dünýägaraýşy başgaça bolýar. Olarda badyhowalyk ýok, bir durkuny saklap bilýärler. Söhbetdeş bolanymda Amangylyç agada-da, Abadan gelnejede-de şol häsiýeti gördüm. Bu barada aýdanymda Amangylyç aga:

— Men Atamyrat Atabaýew, Atajan Tagan, Aşyrberdi Kürt we başga-da söz sungatynyň wekilleri bolan  ýazyjy-şahyrlar bilen tirkeşdim. Ýurdumyzyň ýokary wezipelerinde işläp, baý durmuş hem zähmet tejribesini toplan halypalar bilen duz emek boldum. Olardan kän zat öwrendim. Men uly halypalaryň mekdebinde terbiýelendim — diýip, olaryň atlaryny hormat bilen ýekän-ýekän atlandyrdy.

Şu ýerde  gelnejäniň ýene bir häsiýetini açmak üçin bir pursady aýtmagy göwnelaýyk gördüm. Onuň bilen gürrüňdeş bolup otyrkak bir goňşusy süýtli tüwi paýlap geldi.

— Kabul bolsun! — diýip, gelneje onuň tabagyny boşatdy-da, tabagyň içine süýji-köke salyp yzyna berdi. Ýaş maşgala:

— Ýok, ýok, hiç zat gerek däl. Men hudaýýoly paýlaýan ahyry — diýdi. Abadan gelneje:

— Bilýän hudaýýoly paýlaýandygyňy, ýöne bilip goý! Içi rysgally öýe gelen tabak yzyna boş gaýtarylmaýar — diýip, bu barada türkmen nakyllaryndan mysal aýdyp, rowaýatyň üsti bilen düşündirdi. Goňşusy:

— Gelneje, türkmençiligi gowy bilýän ekeniňiz. Men bu zatlary bilemokdym, sag boluň! — diýip gitdi. Şondan soň gürrüňdeşligimizi dowam etdik. Ilki bilen ondan Amangylyç aganyň häsiýetini soradym.

— Ýüregi juda arassa, ýöne diýseň gönümel häsiýeti bar. Göwnüne ýaramasa diýjek sözüni bassyr-ýussursyz ýüzüňe aýdar. Işjanly. Işden gaçýan adam däl. Maşgalasynyň eklenji üçin gidip wagonlardan kömür düşürmeli bolsa-da ýaltanmazdy. Özi kynçylykda kösençligi başyndan geçirensoň, işgärleriniň arasynda kynçylyk çekýänleri bolsa-da ünsünden düşürenok. Ýagdaýy boldugyndan kömek beresi gelýär — diýip gürrüň berdi. Soňra iki bolup arhiw suratlary synladyk. Döşi orden-medally bir ýaşulynyň suraty bar eken.

— Bu kimiň suraty? — diýip gelnejä sowal berdim.

— Kakamyň suraty. Kakam beýik Watançylyk urşuna gatnaşan. Uruşdan dolanyp gelensoň, ömrüniň elli ýyla golaýyny mugallymçylyk kärine bagyşlady. Men dokuz doganyň biri. Kakam hemmämiziň başlangyç synp hemem ömürlik mugallymymyz boldy. Orta mekdebi gutaryp ilki Marydaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebini tamamladym. Soňra lukmançylyk ugurdan ýokary okuw mekdebine ýollanma berdiler. Onsoň Aşgabatda okuwymy dowam etdirdim. Häzirki Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine okuwa girdim. Ýoldaşym menden bäş ýyl öň ýokary okuw mekdebi gutarypdy. Amangylyç bilen ikimiz obadaş. Tomusky dynç alyşda oba baranymda tanşyp, ikinji kursy gutaramsoň, onuň bilen durmuş gurduk. Uly agam Tirkiş okuwymy gutarman durmuş gurmagyma garşy boldy. «Okuwyňy taşlarsyň» diýip, hat-da tä okuwymy gutarýançam ol meniň bilen gürleşmedi. Şoňa namys edip: «Elim bäbekli bolsamam, nähili kynçylyk çeksemem, ejizlemän okaryn. Özümiň gaýratlydygymy subut ederin» diýip öňümde maksat goýdum. Durmuş gurup paýtagta göçüp geldik. Bar öý goşumyz bir çemodan eşigimiz, iki sany çemçämiz, birje düşegimiz. Üstünden ýagyş geçip duran wremýankada kireýne ýaşap başladyk. 1968-nji ýylda birinji çagamyz boldy. Elim bäbekli okamak gaty kyn düşdi. Onsoň çagamy ejeme seretdirmek üçin oba ugratdym. Ejem pahyr: «Gyzym, maňa bu çagaňy ynanaýjakmy?» diýdi.

 

— Eje jan, sen meni ulaltdyň, indi çagamam ulaldarsyň-a — diýdim. Şeýdip ejem çagama seredip ýördi, ýöne birden keselläp, oguljygym şatlaýdy. Soň ikinji çagamyz boldy. Maşgalaly, eliň ýaş çagaly talyp bolmak aňsat düşmedi. Çöp ýaly horlandym. Oba baranymda doganym: «Abadan daş çykmaweri, süňk ýygnaýan gelýär, äkidäýmesin» diýerdi. Şonuň ýaly kynçylyk çeksemem okuwyma yhlaslydym. Mugallymlarym talyplara: « Mülkiýewadan görelde alyň. Elinde ýaş çagasy bolsa-da ýeke gezek sapaga gijä galanok, sapaklaryndan ýetişmedik ýeri ýok» diýerdiler.

Okuwymy sag-aman gutaryp, ilki bilen agama: «Gutlap bilersiňiz, agam! Okuwymy gutardym» diýip telegramma iberdim. Onsoň dogan garyndaşlarymyzyň biri düşek, biri sowadyjy getirip, kem-kem öý goşumyzy düzetdiler. Şonda-da ýaş çatynjakak käte çörek almaga 15 köpük tapmadyk wagtlarymyz bolýardy, ýöne  darygamokdym. «Hudaý ýetirer» diýip oturýardym. «Kanagata bereket» diýleni, şol gün agşam obadan bir banka gowurdak ýa-da bir banka baljagaz, çörek sowgatly myhman geläýerdi. Hezil edip iýmitimiz gutarýança toý edip ýaşaýardyk. Okuwymy  gutaramsoň, paýtagtymyzdaky «Şaumýan» köçäniň ugrunda ýerleşýän  çagalar keselhanasynda işläp ýördüm. Ýoldaşymyň 36 ýaşly agasy tarpa-taýyn ýogaldy. Onuňam bäş çagasy ýetim galdy. Onsoň olara-da hossar çykmaly. Gaýyn eneme Amangylyç ikimiz:

— «Gel» diýseňiz oba göçüp gelýäs. Ikimizem işläp alan aýlygymyzy getirip berýäs» diýdik. Ejem pahyr:

— Ýok, näme kömek berseňiz daşyndan goldaw beriň! Çagalaryňyz ulalsa bir öýde ýaşap oňuşdyrmak kyn bolar — diýdi. Onsoň men ýoldaşyma:

— Nirede lukman zerurlygy bar bolsa, şo ýere işe gideli — diýdim. Özümem ýaramok. Bizi tozap ýatan çölüň içinde ýerleşýän «Üçajy» diýen oba işe ugratdylar. Ozal şäherde ökjeli köwüş geýip ýöremsoň, gumuň çägesinde çümüp ýöremegiň özi bir bada kyn düşdi. Üstesine-de gijelerine çyra bolmansoň, garaňkylykda tiz kömege gitmek görgi. «Bobik» atly itimiz bardy, şol meniň bilen nirä tiz kömege gitsem ýanym bilen giderdi. Keselhanada men bilen ýoldaşym lukman, galan işgärlerimiz şepagat uýalary. Bir gün «Obada bir gelniň bäbegi doguljak bolýa» diýen habar geldi. Gije sagat üçde tiz kömege gitmeli boldum. Barsam ýaşajyk gelin towlanyp ýatyr, ilkinjije bäbegi dogulmaly. Keselhana äkitmeli bolduk. Zordan ullakan ýük ulagyny tapyp şonuň bilen keselhana gitdik. Özümize kyn däl, böküp ulagyň ýokarsyna mündük, ýöne  şo ýagdaýdaky gelne kyn boldy. Keselhanada-da o mahallar häzirki ýaly şert ýog-a.

Bäbek ters gelip dur. «Alla jan, özüňden medet, jan Allam! Bu çaga heläk bolsa, ejesem heläk boljak. Men neneň ýaşaryn» diýip, aldygyna içimden bilýän dogalarymy sanap dileg edýän. Saňa ýalan, maňa çyn, birden kimdir biri tirsegime kakan ýaly boldy-da, babejigiň agzyna barmagym girip doguldy. Doglan çaga-da göm-gök bolup aglaman ýatyr. Agzym bilen sorup, üfläp emeli dem berip hem ýanbaşyna kakyşdyrdym. Özümem 23 ýaşymdadym. Entek özbaşdak çaga dogurdyp göremokdym. Talyp döwrüm köpugurly bejeriş bölüminde okadym. Şonda akuşerkalyk ugrundan äkidip ýörite sapak geçýärdiler. Şol sapaklarda öwrenenim kömek etdi. Garaz, biraz wagtdan bäbek jägildäp aglady. Şeýlebir begendim. Bu pursat hiç mahalam ýadymdan çykmaz.

Irden sagat dokuz boldy. Ukusyzlykdan gabaklarymyň çişeni özüme bildirip durdy. Emma azabym ýerine düşensoň, begenjimden ganatly ýalydym. Keselhananyň zalyna çykyp, ýöräp barýan. Şo mahal özümi gahryman ýaly duýdum. Şepagat uýalarynyň eşik çalyşýan otagynyň gapysyny açyp:

— Alla jan, bolsa-da çaga-da, ejesem diri galdy — diýip, ellerimi hereketlendirip gürrüň berdim welin, ählisi gülşüp: «Aýnada ýüzüňi gördüňmi?» diýdiler. Seretsem üst-başym, ýüz gözüm çyrşak-çyrşak bolup dur. Bäbege emeli dem berjek bolup sorup, üflänimde ähli hapa ýüzüme çyrşalypdyr.

Ynha, şeýdip başlanan işim bilen ol ýerde ýedi ýyl işledim. Şol döwrün içinde  ýüzden gowrak bäbegiň göbek enesi boldum. Ol obanyň ýaşaýjylarynyň aglaba köpüsi gazak milletinden bolan watandaşlarymyz. Men häzir gazak dilini suwara bilýän. Honha, şol diwarda suratym asylgy dur. 2015-nji ýylda şa serpaýy bilen sylaglananymda düşülen surat. Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistanyň at gazanan saglygy goraýyş işgäri» diýen hormatly at bilen sylaglady. Şonda bu şatlykly habary teleradioýaýlymyň üsti bilen eşidip kän adamdan gutlag jaňlary geldi. Şol ýedi ýyllap işlän obamdaky ýaşaýjylar: «Abadan Mülkiýewa, siz biziň göbek enemiz.  Ähli göbek enesi bolan balalaň adyndan Şa serpaýyňyz bilen gutlaýas!» diýip, bir mahal göbek enesi bolan çagalarym, olaryň ata-eneleri gutladylar.

Obadan göçüp gaýdanymyzdan soň tä pensiýa çykýançam 40 ýyldan gowrak Aşgabadyň Indira Gandi adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebinde çaga keselleri ugry boýunça geljekki şepagat uýalaryna sapak berdim. Ol ýerde bilim beren şägirtlerimem meni ýadyndan çykaranoklar. Okadan okuwçylarym: «Ejem jan», «Mamaş» diýip jaň aýlap durlar. Mugallymçylyk eden döwrümde ýaşlyk edip ýalňyşýan käbir ýaşlary terbiýelemek üçin köplenç ýanyma getirýärdiler. Men özümi juda bagtly zenan hasaplaýan. Beýik Allam maňa islendik adam bilen dil tapyşmak ukybyny beripdir. «Ýaşlyk edip ýalňyşlyk eden pursadymyz: «balam-çagam» diýip, dogry ýola gönükdirdiňiz, mamaş» diýip jaň edýän okuwçylarymam bar — diýip gürrüň berdi.

Abadan gelnejä biraz dynç berip, Amangylyç aganyň öz ýazan terjimehaly bilen tanyşdym.

«Men 1941-nji ýylyň 7-nji iýunynda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Akýap obasynda garyp daýhan maşgalasynda doglan. 1948-nji ýylda dogduk obamyzdaky 20-nji mekdebiň 1-nji synpyna okuwa bardym hem-de 1957-1958-nji okuw ýylynda şol mekdebi tamamladym. Mekdebi gutaryp iki  ýyl kolhozda işledim. 1961-nji ýylda-da Azerbaýjanyň döwlet lukmançylyk institutyna okuwa girdim. Instituty 1967-nji ýylda üstünlikli tamamlap Sakarçäge etrabynda işe başladym. 1968-nji ýyldan 1971-nji ýyla çenli Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň şol döwürdäki «7596» harby bölüminde hormatly Prezidentimiz — Arkadagly Serdarymyzyň atasy Mälikguly aga bilen bile işleşmek miýesser etdi. 1971-1972-nji ýyllar aralygynda Respublikan Sanepidistansiýasynda epidemiolog lukman bolup işledim. 1972-1974-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ministrliginde bölüm müdir, 1974-1980-nji ýyllar aralygynda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň Üçajy sowhozynda (şu wagtky ady Bagtyýarlyk) obasynda oba keselhanasynyň baş lukmany bolup işledim. 1980-nji ýyldan Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap hassahanasynda dürli wezipelerde işläp kärimi dowam etdirdim. Maşgala lukmanyndan başlap, oba saglyk öýüniň maşgala lukmanlar bölüminiň iki gezek we tiz kömek bölümleriniň müdiri bolup işledim we mundan başga-da etrap hassahanasynyň baş lukmanynyň bejeriş baradaky orunbasary, terapia  bölüminiň lukmany bolup işledim. 2007-nji ýyldan bäri bolsa, Ak bugdaý etrabynyň «Täze durmuş» oba saglyk merkeziniň müdiri bolup işläp gelýärin. Men öz hünärimi artdyrmak üçin birnäçe gezek kämilleşdiriş okuwynda boldum. Ýurdumyzyň welaýatlarynda, etrabymyzyň çäginde guralýan syýasy çärelere işjeň gatnaşýaryn. Toplan baý iş tejribämi halypa hökmünde şägirtlerime uly höwes bilen öwredýärin. Tälim beren şägirtlerimiň ençemesi Saglygy goraýyş ulgamynda ukyply ýolbaşçylar bolup ýetişdiler. Bu meniň üçin uly bagt».

Terjimehalyndan köp zat düşnükli boldy. Şeýle-de bolsa Amangylyç aga bilen ýene biraz ýüzbe-ýüz söhbetdeş bolmak üçin  öňümde goýlan gazet-žurnallary okap eglendim. «Nesil», «Watan», «Diýar», «Garagum», «Saglyk» başga-da kän gazet-žurnallarda bu maşgala hakynda ýazylypdyr.

Amangylyç aga işden dolanyp geldi. Onsoň onuň bilen gürrüňdeşligimizi dowam etdik. Maşgala ýagdaýy barada soradym.  Iki oglunyň, alty sany agtygynyň bardygyny aýtdy.

— Uly oglum Batyr, kiçi oglum Merdan ikisem ýokary bilimli. Batyr trawmatolog lukman, Merdan diş lukmany. Maşgalamyzda sporta uly üns berilýär. Her gün Abadan gelnejeňiz bilen uzak aralyga pyýada ýöreýäs. Abadan gelnejeňiz «Bagtyýarlyk» sport toplumyndaky Ýoga merkezine-de gatnaýar.

Lukman Arkadagymyzyň sagdyn durmuş  ýörelgelerine eýerip, özi ýaly deň-duş zenanlary sporta çekmek üçinem wagyz-nesihat işlerini alyp barýar. Batyr jan sportuň «taekwando» görnüşi bilen meşgullanýar. Bu ugurdan diňe bir ýurdumyz boýunça däl, halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlara-da gatnaşyp, birnäçe gezek baýrakly orunlara mynasyp boldy. Awstraliýada geçirilen Bütindünýä ýaryşynda bürünç medal hem-de hindi türgenleriniň arasynda geçirilen bäsleşikde altyn medala mynasyp boldy. Ýetişdiren şägirtleriniň-de birnäçesi ýaryşda baýrakly orunlary eýelediler. Käte teleýaýlymda olardan: «ilkinji tälimçiňiz kim?» diýip soranlarynda: «Batyr Amanowiçden tälim aldyk» diýýärler welin, maşgalamyz bolup begenýäs. Batyryň sportdaky bu ugruny häzir ogullary dowam etdirýär. Merdan jan sportuň tennis görnüşi bilen meşgullanýar. Gelinlerimiziň ikisem özümiz bilen kärdeş. Agtyklarymyzdan lukmançylyk ugrundan okap ýörenleri bar. Umuman, maşgalamyza il-gün: «lukmanlar maşgalasy» diýýär. Il alkyşyny alyp, halkyň sylag-hormatyna mynasyp bolmak uly bagt — diýip gürrüň berdi-de, ol tekjede goýlan uly surata elini uzadyp:

— Şol suraty görýäňizmi? 2007-nji ýylyň 12-nji fewralynda Abadan gelnejeňiz 60 ýaşady. Şahyr Atamyrat Atabaýew goňşymyzdy hem ýakyn dostumdy. Atamyrat neressä haýyş edip Abadanyň adyndan:

«Doganlykdyr daşymyzyň galasy,

Agzybirlik sarsmaz sütüni öýüň.

Köýmez ýaly enäň-ataň yhlasy,

Bir-biriňiz sylaň, hormatlaň, söýüň!» diýip, ýörite goşgy ýazdyrdym. «Abadan Mülkiýewanyň 60 ýaşy dolmagy mynasybetli doganlaryna sowgat» diýen ýazgy bilen, ähli doganlarynyň suratyny goýup, «Balalarym agzybir boluň!» diýen ýazgy ýazdyryp, aralarynda ejesi bilen kakasynyň suratyny ýerleşdirip sowgat taýýarladym.

Ýeňil geçmedik ykbal ýolumda maşgalamyzyň ýüküni deň çekişen ýan ýoldaşymyň doglan gününi toý mekanynda toýlamagy meýilleşdirdim. Nesibe däldir-dä, bir gün öňünden beýleki doganlary geldi. Ýöne ertir toý mekanyna gitmeli günümiz bir oglan jigisiniň ajy habary gelip, toýy ýatyrmaly bolduk — diýip gynanyp gürrüň berdi. Ýaşulynyň diňe şu aýdan gürrüňiniň özi ýaş çatynjalar üçin uly mekdep. Maşgalada agzybirligi saklamak üçin bir-birege sylag hormatyň bolmalydygy, ýan ýoldaş bilen düşünişip ýaşalanda kynçylykly durmuşdan baş alyp çykyp bolýandygyny düşündirýär. Halypa lukmana:

— Amangylyç aga, gelnejäniň Şa serpaýyny alan pursadyndaky suraty bar, sizde şeýle şatlykly pursatda düşülen surat ýokmy? — diýip sowal berdim. Ol buýsanç bilen 2016-njy ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, 2018-nji ýylda «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medal bilen sylaglanandygyny aýtdy. Ýaşuly lukmana ýeneki ýyllardada şa serpaýlarynyň köp bolmagyny arzuwlap, ýetip gelýän doglan güni bilen gutlap öýe gaýtdym. Ýolda şepagat uýasy bolup işleýän köne goňşym Aýgözeliň öýüne sowuldym. Ol:

— Nireden gelýäň? — diýip sorady. Ýaşuly lukman Amangylyç Hapykowlardan gelýän. Golaýda onuň doglan güni. Gutlap makala ýazmak üçin öýlerine bardym — diýenimden:

— O ýaşuly uýam bilen otuz ýyldan gowrak bäri bile işläp gelýär. «Gülnabat Durdymämmedowa» diýip adyny aýtsaň tanar. Gülnabatdan sorasaňyzam ol barada gowy zatlar gürrüň bererdi. «Adamkärçiligi şeýle bir gowy ýaşuly» diýip öwýär. Gerek bolsa doganymyň telefon belgisini bereýin — diýdi.

Makalamy  mundan artyk uzaltmaýyn diýip, oňa jaň edip durmadym. Esasy bir zada göz ýetirdim. Kimden sorasaňam, Amangylyç aganyň özi hakynda-da, maşgala agzalary hakynda-da öwgüli sözler bilen alkyş aýtjak adamlaryň sanardan kändigine göz ýetirdim. Ine, şunuň özi Amangylyç Hapykowyň halkymyzyň öňünde bitiren uly hyzmatlarynyň aýdyň subutnamasy. Watanymyzyň hyzmatyna ýaraýan  il-halar perzentleri terbiýeläp ýetişdirmek, ýurduň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygynyň goragynda ýarym asyrdan-da gowrak ömrüňi bagyşlap, bu ugurdan ençeme şägirtleri ýetişdirmek nusgalyk mekdep ahyry.

Akgül Saparowa

 

Ýene-de okaň

Ýagşymyrat Hojagulyýew: unudylmajak halypa

Ata Watan Eserleri

Durdygylyç Mülliýew: edebiýatyň basyrylgy hazynasy

Ata Watan Eserleri

Sapargeldi Annasähedow: «Müň bir gijäniň» goşgularynyň terjimeçisi

Ata Watan Eserleri

Bally Hajyýew: gaýtalanmajak zehin

 Annadurdy Almämmedow: Ak daglaryň aýdymyny ýazan hudožnik

Ata Watan Eserleri

Atamyrat Şagulyýew: halypalaryň mekdebinde taplanan halypa