DÜNÝÄ

Putiniň Hytaýa 25-nji sapary: 40 resminama gol çekildi

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Hytaýa bolan resmi saparynyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň toplumynyň üstünde işlemegi tamamladylar. Iki döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda 20 sany bilelikdäki resminama kabul edildi.

Russiýanyň Lideri 19-njy maýda Pekine bardy. Wladimir Putiniň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen gepleşikleri geçirildi. Gepleşikler ilki bilen ikiçäk, soňra bolsa Halk maslahatlary köşgünde giňeldilen düzümdäki wekilleriň gatnaşmagynda geçirildi.

Gepleşikler tamamlanandan soň, jemleýji resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Russiýa we Hytaý umumylykda 40 sany resminama taýýarlap, olara gol çekdiler. Olaryň ýarysy göni döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda tassyklanyldy. Gol çekilen resminamalar toplumy, Moskwa bilen Pekiniň arasyndaky amaly hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn meýdançada, şeýle hem global meseleleri çözmek ugrunda çuňlaşdyrmak üçin hemmetaraplaýyn hukuk binýadyny emele getirýär.

Russiýanyň we Hytaýyň arasynda umumy bahasy 200 milliard dollardan gowrak bolan 89 sany bilelikdäki taslamasy bar. Hytaý Russiýanyň daşary söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda birinji orny eýeleýär. Geçen ýyl haryt dolanyşygy 240 milliard dollara ýetdi, özara hasaplaşyklar rublda we ýuanda alnyp barylýar.

Si Szinpin örän çylşyrymly daşarky şertlere garamazdan, ikitaraplaýyn söwdanyň möçberiniň eýýäm yzygiderli üç ýyl bäri 200 milliard dollar çäginden geçýändigini habar berdi. Hytaýyň Lideri: “Şu ýylyň ýanwar-aprel aýlaryndaky haryt dolanyşygy takmynan 20% ýokarlandy, munuň özi aňsat başa gelmedi” diýip belledi. Milli walýutalarda hasaplaşyklara geçilmegi durnuklylygyň möhüm şerti boldy.

Energetika hyzmatdaşlygyň hereketlendiriji güýji bolmagynda galýar. Russiýanyň Prezidenti RF-niň Hytaý Halk Respublikasyna nebitiň, tebigy gazyň (şol sanda suwuklandyrylan gazyň) we kömürin iň iri eksportçylarynyň biridigini mälim etdi.

Ol Russiýa tarapynyň mundan beýläk-de Hytaýyň çalt ösýän bazaryna energiýa serişdeleriniň bu görnüşleriniň bökdençsiz we ygtybarly iberilmegini üpjün etmäge taýýardygyny belledi.

2025-nji ýylyň jemleri boýunça iberilen önümler 101 million tonna nebite we 49 milliard kubmetr gaza deň boldy . Şol bir wagtda senagat kooperasiýasy hem ösýär: “Russiýa we Hytaý senagat kooperasiýasyny işjeň ösdürýärler, täze bilelikdäki goşmaça gymmatlyklaryň zynjyryny döredýärler, öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary durmuşa geçirýärler” diýip Putin belledi.

Wladimir Putiniň bu sapary Hytaýa amala aşyran 25-nji sapary boldy. Saparyň çäklerinde Hytaý rus syýahatçylary üçin wizasyz düzgüni 2027-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaltdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi amerikan işewürleri bilen duşuşdy

Ýewraziýa toparynyň agza döwletleriniň parlament agzalarynyň V forumy geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri Daşkent halkara migrasiýa forumyna gatnaşdy

Türkmen we özbek parlamentarileriniň duşuşygy boldy

Saud Arabystany Ýakyn Gündogarda milliardlarça agaç ekmegi meýilleşdirýär

Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmak boýunça Departamentiň direktory bilen duşuşyk barada