Owganystanyň iň iri energetika kompaniýasy bolan «Da Afghanistan Breshna Sherkat» (DABS) guramasynyň baş direktory Abdulhak Hamkar Türkmenistana amala aşyran saparynyň dowamynda Türkmenistanyň energetika ministri Annageldi Saparow bilen duşuşdy we iki ýurduň arasynda elektroenergetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdy diýip, DABS-yň metbugat beýanatynda habar berilýär.
Duşuşygyň dowamynda Abdulhak Hamkar 500 kW-lyk elektrik geçiriji liniýasynyň taslamasynyň durmuşa geçirilişiniň häzirki barşy barada maglumat berdi we bu iri taslama boýunça işleriň çalt depginler bilen öňe gidýändigini hem-de takmynan bir ýylyň dowamynda tamamlanmagyna garaşylýandygyny mälim etdi.
Ol elektroenergetika taslamalaryny durmuşa geçirmekde «Da Afghanistan Breshna Sherkat» kompaniýasy bilen yzygiderli düşünişmek, utgaşdyrmak we hyzmatdaşlyk edýändigi üçin Türkmenistanyň Hökümetine we degişli edaralaryna minnetdarlyk bildirdi.
Öz gezeginde, türkmen tarapy Owganystanyň dürli welaýatlaryna elektrik energiýasynyň iberilmeginiň adaty tertipde dowam etdiriljekdigine ynandyrdy.
Mundan başga-da, türkmen tarapy ýakyn wagtda elektroenergetika ulgamyndaky täze taslamalar boýunça teklipleri hödürlemek üçin Kabula barjakdyklaryny we özara düşünişmek hem-de ylalaşyk gazanylandan soňra, bu taslamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge girişilmeginiň meýilleşdirilýändigini habar berdiler.
