BIZNES

Milli Liderimiz türk işewüri Erman Ylyjagy kabul etti

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz Aşgabatda “Diwan” myhmanhanasynyň gurluşygyny alyp baran “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň ýolbaşçysy Erman Ylyjagy kabul etdi.

Türk işewüri kompaniýasyna bildiriýän ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, uzakmöhletleýin esasda ýurdumyz bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, “Açyk gapylar” syýasatyny durmuşa geçirýän hem-de innowasion tehnologiýalar daýanýan Bitarap Türkmenistan daşary ýurtly işewür hyzmatdaşlary we şol sanda türk hyzmatdaşlary bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdyr.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz we türk işewüri bar bolan mümkinçilikleri, ýurdumyzda amala aşyrylýan pudaklary ösdürmegiň maksatnamasyny nazara almak bilen hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem işewür hormatly Prezidentimize öz kompaniýasynyň ýurdumyzda alyp barýan işleri we ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz gurulýan desgalarda işleriň ýokary hilli bolmagynyň hem-de olaryň öz wagtynda tamamlanmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Işewür “Rönesans Holding” üçin Türkmenistanda bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagyna gatnaşmagyň uly hormatdygyny ýene-de bir gezek belläp, bu ýerde özara bähbitli hymatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň döredilendigini aýtdy.

Kompaniýanyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz ýetip gelýän şanly sene – Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, ähli türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Milli Liderimiz myhmanhanany aýlanyp bolandan soňra “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň ýolbaşçysy Erman Ylyjaga özüniň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň XII jildini sowgat berdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hazaryň düýbi bilen çekiljek energiýa kabeli taslamasyna gatnaşmak mümkinçiligini öwrenýär

Türkmenistan bilen Owganystan energetika taslamalaryny maslahatlaşdy

24-25-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly sergi we maslahat geçiriler

Türkmenistan «Green EXPO 2027» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň işewürler toparynyň Beýik Britaniýa saparynyň birinji güni

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň kompaniýalary “Agro Pack Turkmenistan-2026” halkara sergisine gatnaşdylar