BIZNES

Türkmenistan Fransiýada halkara forum geçirer

Türkmenistanyň energeitka pudagyna daşary ýurt maýa goýumyny çekmek boýunça halkara forumy 2024-nji ýylyň 24-25-nji aprelinde Fransiýanyň Pariž şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär. Bu halkara forumyň guramaçylary hökmünde “Tükrmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet kosporasiýasy çykyş eder. Bu barada “OGT” saýtynda habar berilýär.

Forum “Türkmen forum” hojalyk jemgyýeti hem-de “GaffneyCline” britan kompaniýasynyň hyzmatdaşlygynda geçiriler.

Halkara forumy geçirmekdäki maksat – Türkmenistanyň energetika pudagynyň ähli ugurlaryna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekden we energiýa pudagynyň mundan beýläk-de durnukly ösüşi boýunça sebit dialogyny güýçlendirmek üçin mümkinçilikleri giňeltmekden ybaratdyr.

Çäräniň dowamynda nebiti we gazy öndürmek, daşamak we gaýtadan işlemek bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar. Foruma diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem tutuş sebitde nebit we gaz pudagynyň geljegini kesgitleýän öňdebaryjy milli we halkara energiýa kompaniýalary, şeýle hem nebitgaz pudagynyň geljegini kesgitleýän hünärmenler gatnaşar.

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler

Türkmenistan Hytaýa Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi

Türkmen dizaýnerleri ÝB bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar