BIZNES

Türkmenbaşy we Konstansa portlary birleşýär

“Azerbaýjanyň demirýollary” edarasynyň golçur kärhanasy bolan “ADY Container” kompaniýasy  dünýäniň iň iri “COSCO Shipping Lines” gämi kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistanyň Türkmenbaşy we Gazagystanyň Aktau portlaryny Rumyniýanyň Konstansa porty bilen birleşdirýär.

Bu barada azerbaýjan kompaniýasy habar berýär. Onuň habar bermegine görä, bilelikdäki taslamanyň çäklerinde “ADY Container” kompaniýasy Hazar deňzi boýunça Türkmenbaşy we Aktau portlaryndan konteýner otlulary alyp gidip, ol ýerdenem Gruziýanyň Batumi portuna äkider. Konteýnerler Batumi portundan “COSCO Shipping Lines” gämi kompaniýasy bilen Rumyniýanyň Konstansa portuna äkidiler.

Türkmenbaşy we Aktau portlary bilen Konstansa portunyň arasyndaky täze demirýol-deňiz gatnamalary ýükleriň soňky nokadyna üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolup, Hytaý-Merkezi Aziýa-Ýewropa arasyndaky ýük gatnamalary çatlandyrmak üçin oňat şertler döreder.

Related posts

“Gucci” markasy hakynda maglumat

Türkmenistan bilen Özbegistanyň söwda dolanyşygy 939,1 million dollar

Russiýa Türkmenistan bilen maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürer