SPORT

“Arsenal” topary 22 ýyldan soňra Angliýanyň çempiony boldy

Londonyň “Arsenal” topary 2003/04 möwsüminden soňra ilkinji gezek futbol boýunça Angliýanyň çempiony boldy. Bu barada çempionatyň 37-nji tapgyrynda geçirilen “Bornmut” – “Mançester Siti” (1:1) duşuşygynyň tamamlanmagyndan soň mälim boldy.

“Arsenal” 82 utuk toplap, çempionatda 1-nji orny eýelemegini kepillendirdi. “Mançester Siti” bolsa 78 utuk bilen 2-nji orna ýerleşýär. Çempionatyň tamamlanmagyna çenli toparlaryň heresiniň ýene bir duşuşygy galdy.

22 ýyldan soňra çempion bolan Londonyň topary 14-nji gezek Angliýanyň çempiony boldy we bu görkeziji boýunça diňe “Mançester Ýunaýted” hem-de “Liwerpul” toparlaryndan yza galýar. Bu klublaryň hersiniň hasabynda 20 çempionlyk derejesi bar.

“Arsenal” topary soňky gezek 2003/04 möwsüminde çempionlyk derejesini gazanypdy.

2019-njy ýyldan bäri “Arsenalyň” baş tälimçisi ispaniýaly Mikel Artetadyr. Ol ozal “Mançester Sitide” Hosep Gwardiolanyň kömekçisi bolup işläpdi.

Bu hünärmeniň ýolbaşçylygynda Londonyň topary Angliýanyň Kubogyny (2020) we iki gezek ýurduň Superkubogyny (2020, 2023) gazandy. Arteta oýunçy hökmünde hem “Arsenalyň” düzüminde iki gezek Angliýanyň Kubogynyň we Superkubogynyň eýesi bolupdy.

30-njy maýda “Arsenal” Çempionlar ligasynyň finalynda Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” topary bilen oynar. London kluby Ýewropanyň bu iň abraýly klub baýragyny entek hiç wagt gazanyp görmändi.

Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Kir Starmer özüniň janköýerlik edýän Londonyň “Arsenal” toparyny futbol boýunça Angliýanyň çempiony bolmagy bilen gutlady.

“Bu “Arsenal” üçin 22 ýyllyk döwür boldy. Ýöne, ahyrynda biz öz bolmaly ýerimize dolandyk. Çempionlar!” – diýip, hökümet baştutany “X” (öňki Twitter) jemgyýetçilik toryndaky hasabynda beýan etdi.

Ýene-de okaň

“Nýu-Ýork” 53 ýyldan soňra NBA-nyň çempiony boldy

Dünýä çempionaty: Türkiýe utuldy, Braziliýa deňme-deň oýnady

Dünýä çempionaty: ABŞ-nyň ýygyndysy rekord bilen başlady

Dünýä çempionaty başlady: Meksika we Günorta Koreýa ýeňiş gazandy

“Forbes”: dünýä çempionatyna gatnaşýan iň köp girdeji gazanýan 11 futbolçy

Dünýä çempionaty: 22 dünýä çempionatyny 43.9 million janköýer tomaşa etdi