SPORT

Eýranyň milli ýygyndysy dünýä çempionatyna Antalyada taýýarlanýar

Eýranyň futbol boýunça milli ýygyndysy 2026 FIFA dünýä çempionatynyň taýýarlyklarynyň çäginde okuw-türgenleşik üçin Türkiýäniň Antalýa şäherine bardy. Eýran topary takmynan 2 hepdelik taýýarlyk döwründe ABŞ üçin wiza işlerini ýerine ýetirer.

29-njy maýda Gambiýanyň milli ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. Ilkinji tapgyrda 17 futbolçynyň gatnaşýan okuw-türgenleşigine ýakyn günlerde ýene 11 futbolçynyň goşuljakdygy habar berildi.

Eýranyň Futbol federasiýasynyň birinji wise-prezidenti Mehdi Muhammed Nabi žurnalistlere beren beýanynda, dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanan ilkinji üç ýygyndynyň biridigini aýtdy.

Nabi dünýä çempionaty boýunça meýilnamalaryny düzendiklerini we köpden bäri garaşylýan ýaryşa gatnaşjakdyklaryny aýtdy.

Eýranyň ýygyndysy dünýä çempionatynda “G” toparçasynda Belgiýanyň, Müsüriň we Täze Zelandiýanyň ýygyndylary bilen duşuşar.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatynda 1/16 finalynyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň nobatdaky rekordy

Dünýä çempionatynda 28 ýygyndy pleý-off tapgyryna çykdy

Kabo-Werde hem ýeňmän, hem ýeňilmän 1/16 tapgyryna çykdy

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionatynda 1/16 finalyna çykan 19 ýygyndy belli boldy