SPORT

Ilkinji milliarder futbolçy

Meşhur hüjümçi Kriştiano Ronaldo “Forbes” žurnalynyñ sanawyna görä, dünýäde 1 milliard dollar girdeji gazanan ilkinji futbolçy boldy. Şeýlelikde Ronaldo 1 milliard dollar girdeji gazanan 3-nji türgen hökmünde hasaba alyndy. Mundan ozal, bu görkezijä boksçy Floýd Meýwezer we golfçy Taýger Wuds ýetipdi.

“Forbesiñ” habaryna görä, futbol äleminde ilkinji bolup, 1 milliard gazanan ýeke-täk futbol türgeni Ronaldodyr. Ronaldo 17 ýyllyk futbol durmuşyndan dürli toparlarda çykyş edip, 650 million aýlyk haky aldy. Galan girdejilerini bolsa mahabat arkaly gazandy. Onuň 2019-njy ýyldaky girdejisi 105 million ýewro deňdir.

Şeýle hem “BBC Sport” neşiriniň habar bermegine görä, Ronaldo soñky 20 ýylyñ iñ gowy hüjümçisidir.

Related posts

Muhammet Reza Nassiri Aşgabatda türgenler üçin döredilen şertler bilen tanyşdy

Ata Watan Eserleri

“Zenit” – Russiýanyň çempiony

Ata Watan Eserleri

57 ýyldan soňra uly hasaply ýeňiş