SPORT

Dik Adwokatyň şertnamasy 1 ýyl uzadyldy

Niderlandlar Patyşalygynyň “Feýenoord” topary tälimçisi Dik Adwokat bilen ýene-de bir ýyl işleşer. 72 ýaşly tejribeli tälimçiniň şertnamasynyň möhleti 1 ýyl uzadyldy.

2021-nji ýyla çenli bu topara tälim berjek bolýan Dik Adwokat täze şertnamadan gaty hoşal bolandygyny mälim etdi. Tälimçi 2019-njy ýylyň güýzünden bäri bu toparda işleýär.

Tejribeli tälimçi sport durmuşynda Niderlandlar, Birleşen Arap Emirlikleri, Günorta Koreýa, Belgiýa, Russiýa ýaly ýurtlaryň milli ýygyndylaryna tälim berdi. Şeýle hem Russiýanyň “Zenit” toparynyň we beýleki dünýä belli toparlarda işledi. Dik Adkowat 2016-2017-nji ýyllarda Türkiýäniň “Fenerbahçe” toparyna tälim beripdi.

Ol Sankt-Peterburgyň hormatly raýaty (2008) hem-de Russiýanyň hormatly tälimçisi (2008) diýen derejäniň eýesidir.

Ýene-de okaň

Ýurgen Klopp Germaniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Karim Adeýemi Ispaniýanyň “Barselona” futbol klubyna geçdi

Ýamal bilen Holand iň gymmat futbolçylar boldy

Kazemiro “Inter Maýami” toparynyň futbolçysy boldy

Türkmenistanyň sport federasiýalary resmi internet saýtlaryny işe girizdiler

Dünýä çempionatynyň finalyny rekord derejede 63 million adam tomaşa etdi