SPORT

Aşgabatda «Grassroots» çagalar futbol festiwaly geçirildi

7-nji ýanwarda, «Aşgabat» köpugurly stadionynda 2014 – 2015-nji ýyllarda doglan çagalaryň gatnaşmagynda «Grassroots» çagalar futbol festiwaly geçirildi.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hem-de Geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebiniň bilelikde guramagynda geçirilen bu festiwala 150-ä golaý ýaş futbolçy gatnaşdy.

Festiwalyň dowamynda çagalar guramaçylar tarapyndan ýörite gurnalan türgenleşik çärelerine hem-de dürli ugurlardaky bäsleşiklere işjeň gatnaşdylar. Şeýle-de, kiçi meýdançalarda ýoldaşlyk duşuşyklary geçirildi. Ýaş futbolçylaryň guralan ähli ýaryşlara uly höwes bilen gatnaşandyklaryny aýratyn bellemek gerek.

Festiwalyň esasy maksady Türkmenistanda futbolyň meşhurlygyny ýokarlandyrmakdan hem-de ýaş nesli sporta çekmekden ybarat boldy. Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylara Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan futbol toplary sowgat hökmünde gowşuryldy.

Related posts

Aşgabatdaky dünýä çempionatyna 60-70 ýurtdan türgenler gatnaşar

Täze möwsüme taýýarlyk

Serdar Azmun “Zenit” toparyna dolanyp biler

Ata Watan Eserleri