SPORT

Aşgabat futbol ýyldyzlaryny kabul eder

Aşgabadyň Olimpiýa stadiony hakyky taryhy wakanyň geçirilýän ýerine öwrüler. AFK-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda «Arkadag» futbol kluby Aziýanyň iň meşhur klublarynyň biri bolan «Al-Nasr» bilen duşuşar. Bu barada THP habar berýär.

Bu duşuşyk janköýerleriň aýratyn ünsüni çekmegine garaşylýar, sebäbi paýtagtymyzyň stadionynyň meýdançasyna dünýäniň futbol ýyldyzlary: Kristiano Ronaldo, Sadio Mane, Žoau Feliks, Kingsli Koman, Marselo Brozowiç we beýleki meşhur futbolcylarynyň çykmagyna garaşylýar.

Garaşylýan duşuşyk diňe bir möhüm sport wakasy bolman, eýsem, tutuş türkmen futboly üçin taryhy pursat bolar. Ol türkmen futbolynyň taryhynda täze sahypa açmak bilen, halkara futbol meýdançasynda ýurdumyza bolan gyzyklanmanyň artýandygyny tassyklaýar.

Related posts

Ýurgen Klinsmann tälimçiligi taşlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň milli ýygyndysy Moskwada okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer

Ata Watan Eserleri

20:0 hasaply duşuşyk