SPORT

“Inter Maýami” topary Messini tanyşdyrdy

ABŞ-nyň ýokary futbol ligasynyň”inter Maýami” topary argentin futbolçy Lionel Messiniň resmi taýdan geçendigini mälim etdi. Topar Messiniň täze toparyndaky köýnekçesi bilen ýazgy edilen wideoýazgylaryny çap etdi.
Messiniň şertnamasy 2025-nji ýyla çenli bolup, ol hem “10” belgili köýnekçede çykyş eder. “Oglanlar, Maýamide görşeris” – diýip, Messi wideoýazgyda belläp geçýär.
Messi soňky 2 möwsümde Fransiýanyň “PSŽ” toparynda çykyş etdi. Ol fransuz toparyna erkin futbolçy bolup geçipdi. Parižde oýnan döwründe 2 gezek Fransiýanyň çempiony bolup, bir gezek Superkubogy eýeledi.
Ol “PSŽ” toparynyň düzüminde 75 duşuşykda oýnap, 32 gol geçirdi.
Messi täze topary bilen ilkinji duşuşygyny 21-nji iýulda Meksikanyň “Krus Asul” toparyna garşy geçirer. Lionel Messi bu toparda 2,5 ýylda 150 million dollar gazanar. Şeýle hem onuň “Apple” we “Adidas” kompaniýalary bilen mahabatlay göz öňünde tutulypdyr.
Lionel Messi 3-nji iýunda “Inter Maýami” toparyna geçjekdigini mälim edipdi.

Ýene-de okaň

Hytaýda VI Aziýa kenarýaka oýunlaryna badalga berildi

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy