JEMGYÝETSPORT

Türkmenistanly türgenler «Ýüpek ýoly» rallisinde 2-nji we 3-nji orunlary eýelediler

“Ýüpek ýoly” halkara ýaryşynyň on üçünji tapgyry Ýewraziýadaky ralli ýaryşlarynyň iň uly taslamasyny ösdürmekde täze ädim boldy. Bu iri halkara ýaryşy tamamlanyp, onuň baýrak gowşurylyş dabarasy Moskwa şäheriniň merkezinde Gyzyl meýdanda geçirildi.

Gyzyl meýdanda köp sanly janköýerler ýygnandy. Bu dabaranyň hormatly myhmany Russiýa Federasiýasynyň sport ministri Oleg Matysin boldy. Sport ministri Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň gutlagyny okady.

Resmi çykyşlardan soňra türgenleri sylaglamak dabarasy boldy. Bu ýaryşa gatnaşan türkmen türgenleri hem baýraklymeýdança çykyp, ýurdumyzyň ýaşyl Tuguny belende galdyrdy.

T2 kategoriýasynda bäsleşen türkmen türgenleri Merdan Toýlyýew/Şöhrat Toýlyýew 2-nji, Maksatmyrat Daňatarow/Didar Orazmedow 3-nji orny eýeledi.

T2 ralli-reýdiniň netijeleri:

  1. Anton Melnikow / Anton Nikolaýew (Toyota LC 200) — 3 sagat 05:21.
  2. Merdan Toýlyýew/ Şöhrat Toýlyýew (Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasy, Nissan Patrol) +2 sagat 13:23.
  3. Maksatmyrat Daňatarow/Didar Orazmedow (Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasy, Nissan Patrol) +2 sagat 34:15.

Ýewraziýada iň uly ýaryşlaryň biri bolan bu rallä Russiýanyň, Belarusyň, Hytaýyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Şweýsariýanyň, Serbiýanyň, Ysraýylyň, Kipriň, Albaniýanyň, Latwiýanyň, Litwanyň, Moldowanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, başga-da käbir ýurtlaryň toparlary-da gatnaşdylar.

Ýaryşyň ugry Russiýanyň 13 sebitiniň üstünden geçdi. Bäsleşigiň esasy baýragy bolan “Ak peleň” ugrundaky göreşe gatnaşýanlar jemi 5241 kilometr aralygy geçdiler.

Ýene-de okaň

Hytaýda VI Aziýa kenarýaka oýunlaryna badalga berildi

Türkmenistan Hazar deňziniň ekologiýasy boýunça ýokary derejeli duşuşygy meýilleşdirýär

Türkmen atşynaslary «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada eýe boldular

Haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde Arkadag şäherinde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdep döwrebaplaşdyrylýar

Derýa Soýsal: “Makul iňlisçe we türkmençe” nakyllar kitaby medeni hyzmatdaşlygyň köprüsi

26-njy mart -Aral deňziniň, Amyderýanyň we Syrderýanyň halkara güni hökmünde kesgitlendi