SPORT

Ýewropa ligasynyň finaly: “Sewilýa” – “Inter”

UEFA Ýewropa ligasynyň finalyndan oýnajak toparlar belli boldy. Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” toparyny 2:1 hasabynda utup, finala çykan Ispaniýanyň “Sewilýa” toparyndan soňra bu arzylyň ýaryşyň finalyna çykan beýleki topar Italiýanyň “Inter” topary boldy.

“Inter” topary ýayrm final duşuşygynda Ukrainanyň “Şahtýor” toparyna garşy ynamly ýeňiş gazandy. Italýan topary garşydaşyny 5:0 hasabynda utdy. Bu toparyň düzüminde Martines we Lukaku 2 gezek, D’Ambrozio 1gezek tapawutlandy.

«interiň» tälimçisi Antonio Konte özüniň tälimçilik karýerasynda ilkinji gezek Ýewropa kubok ýaryşlarynda finala çykdy.

Ozal “Ýuwentus” hem-de “Çelsi” toparlaryna tälim beren Konte “Çelsi” topary bilen Çempionlar ligasynyň 1/8 finalyna çenli ýetdi, “Ýuwentus” bilen bolsa Ýewropa ligasynyň ýarym finalyny hem-de Çempionlar ligasynyň çärýek finalyny oýnady.

Şeýle hem “Inter” üçin bu soňky 10 ýyldaky ilkinji Ýewropa kubogynyň finalydyr. Mundan başga-da, “Inter” bu möwsümde 111 pökgi geçirdi. Bu klubyň 90 ýyldaky iň gowy netijesidir.

UEFA Ýewropa ligasynyň finaly 21-nji awgustda oýnalar.

Ýene-de okaň

Neýmar milli ýygyndydaky karýerasyny tamamlady

Erling Holand gollaryň sanynda Messi we Mbappe bilen deňleşdi

Norwegiýa Braziliýany ýeňip, taryhy üstünlik gazandy

Angliýanyň ýygyndysy 1/4 finala çykdy

Fransiýa çärýek finalda Marokko bilen oýnar

Marokko ilkinji bolup çärýek finala çykdy

Ata Watan Eserleri